“Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygyň, durnuklulugyň we ösüşiň binýady” atly maslahat geçirildi.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň hem-de Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde gurnamaklarynda “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygyň, durnuklulugyň we ösüşiň binýady” atly maslahat geçirildi. Maslahatda Hormatly Prezidentimiziň Halkara Bitaraplyk güni hem-de Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 26 ýyllygyna bagyşlap geçirilen ‘’Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty – halkara howpsuzlygyň, durnuklulugyň we ösüşiň binýady’’ atly halkara maslahatynda hem-de kabul ediş dabarasynda eden çuňňur many-mazmunly çykyşyny halk köpçüligine düşündirmek boýunça wagyz-nesihat ähmiýetli maslahaty geçirildi.

Maslahatyň dowamynda çykyş edenler Hormatly Prezidentimiziň döwletimizi ösdürmek babatynda alypbarýan işlerinde ata-babalarymyzdan gelýän parahatsöýüjilik, ynsanperwerlik, halallyk, päk ahlaklylyk ýol ýörelgelerine aýratyn ähmiýet beýänligi dogrusynda giňişleýin belläp geçdiler. Mälim bolşy ýaly Türkmenistan döwletimiz dünýäniň ýüzlerçe döwletleri bilen dost-doganlyk, ynsanperwerlik, medeni-ykdysady aragatnaşygy alyp barýar.Biziň bitaraplyk durnuklydygyna resmi şaýatlyk edýär.Şonuň üçin hem Garaşsyzlygymyzyň,Bitaraplygymyzyň türkmen halkyna eçilen eşretli durmuşynyň gadyryny bilmek we ol borjumyzdyr diýip dabarada çykyş edenler aýratyn belläp geçdiler. Hormatly Prezidentimiziň çuň many-mazmuny özünde jemleýän çykyşynda bitaraplygyň gymmaty barada aýdan sözleri dogrusynda çykyş edilende dabara gatnaşyjylar ör turup Hormatly Prezidentimize alkyş sözlerini aýtdylar.

Goý Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.