El hünärim - mertebäm

,, Halkyň Arkadagly zamanasy’’ ýylynda welaýatymyzyň ýörite orta mekdepleriniň talyp gyzlaryň arasynda ,,El hünärim- mertebäm’’ atly sergi bäsleşigi geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ,,Halkyň Arkadagly zamanasy’’ ýylynda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda uly ösüşleriň gazanylýan, uzaklary nazarlaýan maksatnamalary kabul edilýän Berkarar döwletimizde müňýyllyklardan gözbaş alýan däp-dessurlarymyz ýörelgelerimiz, milli medenýetimizi we sungatymyzy hasda rowaçlandyrmak maksady bilen ,,El hünärim- mertebäm’’ atly sergi bäsleşigi geçirildi.

Türkmen halky gadymdan bäri däp-dessurlary,medenýeti,sungaty,ruhy we maddy gymmatlyklary bilen dünýä halklaryň arasynda uly meşhurlyga eýe bolup, giňden tanalýar. Nepis owadan halylar, keçeler, keşdeler dünýäde deňi taýy bolmadyk ahalteke bedewlerimiz, tebigat bilen sazlaşykly döredilen milli şaý-seplerimiz hakyky sungatdyr. Hut şonuň üçin hem medenýetimiz, sungatymyz, el işleri nesilden-nesle geçip, häzirki bagtyýarlyk döwrimize çenli gelip ýetipdir. Ata-babalarymyz, ene-mamalarymyz el işlerini ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde, gyz gelinleriň ojaga wepalylygyny gazanmakda, watansöýüjililigini artdyrmakda hünär hökmünde öwredipdirler.

Bu bäsleşige Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyp gyzlary hem işjeň gatnaşdylar. Bäsleşikde 1-nji we 2-nji ýyl talyp gyzlar hormatly orunlara mynasyp bolup hormat haty we ýadygärlik sowgatlar bilen sylaglandylar.

Mekdebiň ilkinji Zenanlar

guramasynyñ başlygy

N. Kakabaýewa