Wagyz-nesihat çäreleri güýçlendirilýär!

11.05.2022-nji ýyl güni Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde hukuk goraýjy edaralaryň we jemgyýetçilik guramalarynyň bilelikde geçirmeginde Daşoguz welaýat kitaphanasynda wagyz-nesihat ýygnagy bolup geçdi.

Ýygnaga mekdebiň Magtymguly adyndaky ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Perman Ýegennazarow, Daşoguz şäher Polisiýa bölüminiň PÝB-nyň wagyz-nesihat boýunça bölüminiň uly gözegçisi, polisiýanyň uly leýtenanty Döwletgeldi Abdyrahymow, Daşoguz welaýat polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň wagyz-nesihat boýunça uly gözegçisi, içerki gullugyň uly leýtenanty Serdar Arazberdiýew, Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Pirmuhammet Baýjikow dagylar gatnaşdylar.

Ýygnakda ilkinji söz gezegini mekdebiň Magtymguly adyndaky ilkinji ýaşlar guramasynyň başlygy Perman Ýegennazarow alyp Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň №10/2932 belgili hatyna laýyklykda ýurdumyzyň ýokary we orta bilim edaralarynda bilim alýan ýaşlaryň arasynda köçe-ýol hereketiniň düzgünlerini berjaý etmek barada wagyz-nesihat işlerini alyp barmak barada durup geçdi. Soňra ol söz gezegini Daşoguz şäher Polisiýa bölüminiň PÝB-nyň wagyz-nesihat boýunça bölüminiň uly gözegçisi, polisiýanyň uly leýtenanty Döwletgeldi Abdyrahymowa berdi. Döwletgeldi Abdyrahymow öz çykyşynda talyplaryň ýol hereketiniň kadalaryny dogry berjaý etmek, talyplaryň awtoulag dolandyrmazlygy, köçede pyýada hereket edenlerinde howpsuzlyk kadalaryny ýerine ýetirmek barada giňişleýin durup geçdi.

Soňra söz gezegini Daşoguz welaýat polisiýa müdirliginiň Ýangyn howpsuzlygy bölüminiň wagyz-nesihat boýunça uly gözegçisi, içerki gullugyň uly leýtenanty Serdar Arazberdiýew alyp, ýangyn howpsuzlyk düzgünlerini doly we gyşarnyksyz berjaý etmeklik barada durmak bilen, iş ýerlerindäki, öýlerdäki, gaz, elektrik togy bilen işleýän enjamlardan seresaply peýdalanylmalydygyna ünsi çekdi. Ol söziniň ahyrynda eger ýangyn dörän halatynda haýal etmezden ýangyn howpsuzlygy gullugynyň 01 belgili (el telefonlaryndan 001 belgä) telefon etmek bilen habar bermelidigine ünsi çekdi.

Ýygnagyň ahyrynda söz gezegini Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy Pirmuhammet Baýjikow alyp, hormatly Prezidentimiziň alyp barýan içerki syýasatynda adam baradaky aladalary durmuşa geçirmek, ýol hereketiniň düzgünleriniň bozulmalarynyň, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak barada mundan beýläk hem wagyz-nesihat işlerini güýçlendirmäge çagyrdy.

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw

mekdebiniň mugallymy D.Weliýew