Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymlary we talyplary bilen pikir alyşdy

Şu gün Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz welaýatyna amala aşyran iş saparynyň dowamynda Türkmen oba hojalyk institutyna baryp, bu ýerde bilim edarasynyň binagärlik aýratynlyklary, onda talyplaryň döwrebap bilim almaklary üçin döredilen şertler bilen tanyşdy we institutyň talyp ýaşlary bilen duşuşdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow institutyň mugallymlary we talyp ýaşlary bilen duşuşyp, olar bilen oba hojalyk ylmyny mundan beýläk-de ösdürmegiň we okatmagyň täze usullaryny, bilim ulgamyna sanly ulgamy ornaşdyrmagyň, şeýle hem obasenagat toplumynyň ähli ugurlary boýunça zerur bolan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagyň meseleleri boýunça pikir alyşdy. Şeýle-de institutyň talyp ýaşlarynyň we mugallymlarynyň ýokary okuw mekdebinde döredilen şertler, okatmagyň täzeçil usullarynyň ornaşdyrylyşy, institutda amaly sapaklaryň tejribe bilen utgaşdyrylyşy baradaky çykyşlaryny diňledi.

Gurbanguly Berdimuhamedow çykyşlar üçin minnetdarlyk bildirip, häzirki döwürde ýurdumyzda obasenagat toplumyny ösdürmek, bu ugurda meşgullanýan kiçi we orta telekeçiligiň işini höweslendirmek, welaýatlarda ýer kadastryny döretmek boýunça döwlet tarapyndan zerur tagallalaryň edilýändigini aýtdy. Bu barada aýtmak bilen, Gurbanguly Berdimuhamedow Daşoguz şäherindäki oba hojalyk institutynda pudak üçin zerur bolan hünärmenleriň taýýarlanýandygyny, ýaşlaryň ata-babalarymyzyň döreden daýhançylyk tejribelerini döwrebap derejede ösdürjekdiklerine ynam bildirdi we bu ugurda ýaşlara özüniň durmuş tejribesi boýunça öwüt-nesihatlaryny berdi.

Duşuşygyň ahyrynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy şu günki duşuşykda beýan edilen ähli teklipleriň hormatly Prezidente ýetiriljekdigini aýtdy.