Gurbanguly Berdimuhamedow Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň mugallymlarydyr talyplary bilen duşuşdy.

Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Mary şäherinde ýerleşýän Türkmenistanyň Döwlet energetika institutyna baryp, döwrebap bilim almak üçin bu ýerde döredilen şertler bilen tanyşdy.

Gurbanguly Berdimuhamedow, ilki bilen, institutyň eýwanynda ýaýbaňlandyrylan serginiň gymmatlyklary bilen tanyşdy. Institutyň rektory bu ýokary okuw mekdebiniň 25 ýylyň dowamynda geçen ýoly, gazanan üstünlikleri, şeýle hem talyplaryň dürli derejedäki ders bäsleşiklerinde mynasyp bolan diplomlary we degişli resminamalar barada giňişleýin maglumat berdi. Munuň özi institutyň amaly we usulyýet okuwlaryny geçirmekde gazanýan üstünlikleriniň aýdyň nyşanyna öwrüldi. Soňra Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy institutyň mugallymlary we talyplary bilen duşuşdy. Onuň barşynda nygtalyşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow energetika senagatynyň ösdürilmegini Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Watanymyzyň ykdysady strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň biri hökmünde kesgitledi. Şunuň bilen baglylykda, pudagyň kuwwatlyklarynyň mundan beýläk-de giňeldilmegine, eksport mümkinçilikleriniň artdyrylmagyna aýratyn ähmiýet berilýär. Ykdysadyýetimiziň ähli ulgamlarynda bolşy ýaly, energetika ulgamyny ösdürmek üçin geljekde etmeli işler, degişli resminamalar aýdyň kesgitlenendir.