OGUL ATADAN GÖRELDE ALMASA, ÖWÜT ALMAZ

Ýurdymyzda ýaşlaryň ähli taraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagyny gazanmak, talyp oglanlarda ata-babalarymyzyň müňýyllyklaryň dowamynda kemala getiren mertlik, edermenlik, gaýduwzyzlyk, watansöýüjilik, halallyk, ruhubelentlik, päk ýüreklilik, arassa ahlaklylyk, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýelemek maksady bilen “Ogul atadan görelde almasa, öwüt almaz” ady bilen 2022-nji ýylyň 8-nji oktýabry güni Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyp oglanlarynyň arasynda, Ýurdymyzyň hukuk goraýan edaralarynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň işgärleriniň hem-de mekdebimiziň mugallymlarynyň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Çärä gatnaşan myhmanlar talyp oglanlaryň öňünde Atanyň öňünde ogulyň, Watanyň öňünde ogulyň borçlaryny asylly däplerimizden ugur alyp: “Atany söýen-Watany söýer”, “Ýagşy ogul il abraýy-ýagşy gyz öý” ýa-da “Ýagşy ogul etekdäki atany töre geçirer- ýaman ogul tördäki atany göre” diýen ýaly nusgalyk sözler bilen çykyş etdiler. Öz gezeginde talyp oglanlar myhmanlara, mugallymlara özlerini gyzyklandyrýan sowallaryny berdiler we geçirilen çäräniň ahyrynda minnetdarlyklaryny bildirdiler.

Pederlerimizden miras galan milli däplerimize belent sarpa goýýan Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiziň janlary sag bolsun, halkymyzyň asyda bolelin durmuşda ýaşamagy, ata watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan il bähbitli, ýurt ähmiýetli döwletli işleri hemişe rowaç bolsun!