Türkmenistan ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy!

Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrinde Hormatly Prizidentimiziň adam baradaky taýsyz aladalarynyň netijesinde, ýurdymyzda ýaşlaryň ähli taraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly bolmagy hem-de sport bilen gyzyklanýan talyp ýaşlar üçin türgenleşmäge ähli şertler döredilýär.

“Halkyň Arkadagly zamanasy” ýylynda Daşoguz welaýatynyň orta hünär we başlangyç hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda “Türkmenistan ruhubelentligiň we sagdynlygyň ýurdy” atly ХII Spartakiadanyň düzüminde bolan sportuň WOLEÝBOL görnüşi boýunça geçirilen ýaryşda Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyp oglanlar topary birinji orna mynasyp boldylar.

Hormatly Prezidentimize bilim ulgamyny kämilleşdirmekde, sagdyn bedenli ýaşlary terbiýelemekde we türkmen sportyny ösdürmekde alyp barýan belent işlerine tükeniksiz alkyş aýdýarys.

Goý Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, sporty ösdürmekde alyp barýan il-ýurt bähbitli işleri mundan beýläk-de rowaç bolsun!

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw

mekdebiniň mugallymy Kazakow Gadam