HASYL TOÝYŇYZ MÜBÄREK BOLSUN- BABA DAÝHANLAR!

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ähli pudaklar bilen bir hatarda oba hojalygyna uly üns berilýär, ähli pudaklarda oňyn şertler döredilýär.

Türkmenistan watanymyz “Halkyň Arkadagly Zamanasy” ýylynda täze zähmet üstünliklerini gazanýar. 2022-nji ýylda oba hojalyk pudagynda baba daýhanlarymyz oba hojalyk ekinleriniň bol hasylyny ýetişdirdiler. Oba zähmetkeşleri halkyň ykdysady hal-ýagdaýna ýokary täsirini ýetirip biljek, Ýurdymyzyň ak-altyn harmanyna özleriniň mynasyp goşantlaryny goşdylar.

Oba hojalyk pudagynda indi däbe öwrilen her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde hasyl toýy ýurdymyzda ýokary derejede bellenip geçilýär we Hormatly Prezidentimiz tarapyndan zähmet ýeňijilerine sylag-serpaýlar ýapylýar.

Şu bellenip geçilýän zähmet baýramçylygy mynasybetli Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebi bilen Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat geňeşiniň guramagynda baýramçylyk çäresi geçirildi. Geçirilen aýdym-sazly baýramçylyk çäresi gelejekde oba hojalyk pudagyna ykbalyny baglaýan talyp ýaşlarda uly gyzyklanmalar döretdi.

Pursatdan peýdalanyp zähmet ýeňişlerine toýlaýan daýhanlarymyzy, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Serdarymyzy hasyl baýramçylygy bilen tüsýürekden gutlaýarys.

Goý Hormatly Prezidentimiziň jany sag, ömri uzak, alyp barýan işlerinde hemişe rowaçlyklar ýaran bolsun.

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw

mekdebiniň mugallymy Kazakow Gadam