ARKADAG SERDARLY BAGTYÝAR ÝAŞLAR

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, ýurdymyzda ýaşlaryň ähli taraplaýyn ösen, beden we ruhy taýdan sagdyn, bilimli-ylymly we eli hünärli bolmagy üçin başlangyçlaryny başlap beren Gahryman Arkadagymyzyň asylly ýolyny Hormatly Prezidentimiz uly üstünlikler bilen dowam edýär.

Arkadagly Serdarymyzyň ýaşlar baradaky alyp barýan syýasaty ýenede güçlenýär, durmuşda öz mynasyp ornyny tapýar. Türkmenistanyň ýokary mežlisiniň hem-de zähmet söýer halkynyň hödürlän teklibini, ýagny 2023-nji ýyly “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” diýip atlandyrylmagyny Hormatly Prezidentimiz goldady. Bu kabul edilen şygar Döwletimizde ýaşlar baradaky aladanyň ýenede artyp, olara bar bolan şertleriň ýenede ösdürlip durmuşda öz mynasyp ornuny tapjakdygyndan many berýär çünki 2023-nji ýyl Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar bilen baglydyr.

Hormatly Prezidentimiz ýaşlar baradaky aladany, çagalar baglarynda, orta mekdeplerde, orta hünär we ýokary okuw jaýlarynda dünýäniň iň bir ösen inowasion tehnologiýalarynda gurlan şertleri döredip berýär. Bu bolsa ýaşlara öz saýlan ugurlary boýunça okamaga, öwrenmäge, döretmäge we dürli pudaklarda zähmet çekip, sylag-hormata mynasyp bolmaga giň ýol açyp berýär.

Pursatdan peýdalanyp asuda, parahat, agzybir Döwletde erkana ýaşamaga ýaş nesillerimize şertler döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag bolup, ýaşlarymyzyň asuda bolelin durmuşda ýaşamagy, ata watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işleri hemişe rowaç bolsun!

Daşoguz Agrosenagat orta

hünär okuw mekdebiniň

mugallymy: Gadam Kazakow