“Arkadagyň aýdyň ýoly bilen” atly maslahaty

2023-nji ýylyň 14-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň we Türkmen Oba hojalyk institutynyň Daşoguz Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda mekdebiň mejlisler jaýynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň paýtagtymyzdaky Maslahatlar merkeziniň binasynda Türkmenistanyň Milli Geňeşiniň Halk Maslahatynyň we Mejlisiniň bilelikdäki maslahatynda beren tabşyryklaryny wagyz etmek maksady bilen “Arkadagyň aýdyň ýoly bilen” atly maslahaty geçirildi. Onda milli parlamentiň öňünde durýan wezipelere garaldy hem-de Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz türkmen döwletiniň ösüşiniň nobatdaky tapgyrynda kanun çykaryjylyk işini mundan beýläkde döwrüň talabyna laýyk derejede kämilleşdirmek bilen baglanyşykly wajyp wezipeler kesgitlenildi. Maslahata gatnaşyjylar öz çykyşlarynda ýurdumyzda amala aşyryljak bu özgertmeleriň ýurdumyzyň demokratik-hukuk binýadynyň kämilleşdirilmeginde möhüm orny eýelejekdigini belläp geçdiler. Şeýle hem maslahata gatnaşyjylar döwrüň ösýän şertlerinde ýurdumyzyň kanunçykaryjylyk ulgamynda amala aşyrylmagy göz öňüne tutulýan bu özgertmeler ýurdumyzyň ösüşinde möhüm orna eýe bolar diýip belläp geçdiler. Maslahat Hormatly Prezidentimize Gahryman Arkadagymyza ýurdumyzy ösdürmek ugrunda alyp barýan taýsyz tagallalary üçin hoşallyk sözleri bilen jemlendi.