ÖSÜMLIKLERI ÖSDÜRIP ÝETIŞDIRMEGIŇ INNOWASION TEHNOLOGIÝASY

Innowasion tehnologiýa bilen ösümlikleri, bakja ekinlerini ösdürip ýetişdirmek dünýäde barha giň gerim alýar. Munuň ähmiýetli tarapy olary ösdürip ýetişdirmek üçin az meýdanyň ulanylýanlygy we ter gök önümleri öz ýerinde ösdürip ýetişdirmegiň mümkinligidir. Bu bolsa öz gezeginde olary uzak aralyklara daşamak üçin çykdajylary aradan aýyrýar. Gök önümleri ösdürip ýetişdirmegiň häzirki innowasion tehnologiýasynyň usullary gidroponika, aero-gidoponika we aeroponikadyr.

Gidroponika az meýdanda uly hasyl almak bilen ösümlikleri ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berýär. Häzirkizaman iri ýyladyşhana hojalyklary we daýhanlary hut şu tehnologiýa bilen işleýärler.

GIDROPONIKA USULYNDA ÖSÜMLIKLERIŇ PLASTIK GAPLARDA ÖSDÜRILIP ÝETIŞDIRILIŞI

Bu usulda ösümlikleriň kök ulgamy ösümlik üçin wajyp bolan ýokumly maddalary toprakdan däl-de ýörite ýokumly maddalar garylan suwdan alýandyr. Şu ýerden hem onuň “gidro” – ýagny, suw diýilýän manysy gelip çykýar. Bu usulda ösümligiň ýokarky bölegini, ýokumly maddaly suwuň ýokarsynda saklar ýaly iýmite baý toprak hökman däldir. Topragyň ýerine saman külkesini, sintetiki süýümleri hem ulansaň bolýandyr. Esasy zat şol saklaýjy gatlagyň oňat howa geçirijiligi zerurdyr. Gök-bakja ekinlerini bu tehnologiýa boýunça ösdürip ýetişdirmek birnäçe artykmaçlyklara eýedir. Olar:

  • Öňki däp bolup gelýän usul bilen deňeşdireniňde suwuň az harçlanylýanlygy. Önümçiligiň ýapyk sikli suwy tygşytlamaga mümkinçilik berýär, ýagny ösümliklerdäki ulanylanylyşdan soňky galan suw ýygnalyp arassalanylýar we gaýta ulanylýar.
  • Hasyl çalt ýetişýär. Sebäbi ösümlik üçin ideal şert döredilýär we şonuň üçin ol öz ösüşinde we hasyl düwüşinde hiç bir päsgelçilik çekmeýär.
  • Önüm beriş möwsümi uzalýar, ýagny hasyly güýçli sowuk başlaýança ýygnamak mümkin.
  • Olaryň ösüş fazasyna baglylykda ösümlikleriň iýmit düzümini üýtgetmegiň mümkinligi. Mysal üçin, ösümlikleriň aktiw ösüşi döwründe kaliý hökmanydyr we hasyla durýan döwründe fosfor zerurdyr. Muny dogry guramak alnan önümde himikatlaryň, radionuklidleriň kadadan artyk bolmasynyň öňüni almaga mümkinçilik berýär.
  • Ekin meýdanynyň tygşytlylygy. Ösümlik iýmite baýlaşdyrylan iýmitlendiriji suwuklykdan gerekli iýmitini alýar. Şonuň üçin ony uly giňişlikde ýaýradyp ekmek hökman däl. Olary biri – biriniň ýanynda ýanaşyk ýerleşdirseň hem bolýar, ýöne esasy zat olary ýeterlik ýagtylyk bilen üpjün etmek zerur bolup durýar.
  • Hiç hili hapa-haşal otlar bolmaýar.
  • Ösümligiň toprakdan kömelekler we bakteriýalar bilen kesellemesiniň ähtimallygynyň pesligi, sebäbi toprak ulanylmanlygy üçin bu keseller hem düýbinden ýok diýen ýalydyr. Mundan başga-da ýapyk, düzgünleşdirilýän giňişlik zyýankeşlere we kesellere garşy göreşmegiň dürli usullaryny netijeli ulanmaga mümkinçilik berýär.
  • Ösdürip ýetişdirme prosessini awtomatlaşdyrmagyň giň mümkinçiligi bardyr.

Gidroponika usulyny iri ýyladyşhanalarda ulanmak has bähbitlidir. Gidropon toplumlarynyň, ýokumly iýmitlendiriji garyndylaryň bahasynyň gymmatlygy üçin bu usuly öý şertlerindäki kiçi ýyladyşhanalarda ulanmak ykdysady taýdan maksada laýyk däldir.

Gidropon ulgamy ýokumly iýmit garyndysynyň berlişi bilen üpjün edilişi boýunça şeýle usullara bölünip biler:

  1. Fitil ulgamy. Ýokumly iýmit garyndysy fitil ulgamy boýunça göwrümli gaplardan gelýär. Bu usuly köp halatlarda öý şertlerindäki gidroponikada ulanmak maksada laýykdyr.
  2. FITIL GIDROPONIKASY

  3. Ekiniň suwuň çuňlugynda ösdürilip ýetişdirilýän ulgamy. Bu usulda ösümlikleri ýüzýän penoplastda ýerleşdirýärler.
  4. Döwürleýin suw basdyrma ulgamy. Bu usulda wagty gözegçilIkde saklaýan ulgam arkaly belli bir wagt aralygynda kök ulgamyna ýokumly iýmit garyndysynyň berilmesi döwürleýin suw basdyrmak arkaly amala aşyrylýar.
  5. Ýokumly iýmit gatlak tehnikasy. Munda iýmitsiz toprak ulanylmaýar, ösümlikleri kök ulgamynyň çykmasy üçin deşikleri bolan gapjagazlarda (gorşojyklarda) ýa-da beýleki göwrümlerde saklaýarlar.
  6. DAMJALAÝYN SUWARYŞ ULGAMY

    Aero-gidroponika usuly

    Bu usulyň gidroponikadan aýratynlygy munda ýokumly iýmit garyndyly suwuklyk nasoslaryň kömegi bilen çaňadylyp howa bilen garyşdyrylyp berilýär. Şunlukda ösümlik özüniň ýaşaýşy üçin zerur bolan howany we ýokumly ergini bilelikde alýar.

    AERO-GIDROPONIKA USULY

    Aeroponika usuly

    Aeroponika – ösümlikleriň köküne ýokumly iýmiti we suwy güýçli çaňadylan gurak dumandan almaga mümkinçilik berýän usuldyr. Ösümlikleriň köki howa barmasy üçin erkin mümkinçilik bolan ýapyk gapda ýa-da ulgamda ýerleşdirilýär we çaňadylyp yzygider iýmit bilen üpjün edilýär.

    AEROPONIKA USULYNDA ÖSÜMLIGIŇ ÝETIŞDIRILIŞI

    Bu ulgamyň esasy ýetmezçiligi kök ulgamynyň örän aktiw ösýänligi we ýokarky böleginiň ösüşden ýitgi çekýänligidir. Şonuň üçin bu usulda ýeralmany ösdürip ýetişdirmek bähbitli bolup durýar.

    AEROPONIKA USULYNDA ÝETIŞDIRILEN ÝERALMA

    Esasanam bu usula häzirki wagtda NASA kosmiki bileleşigi aýratyn uly üns berýär. Aeroponika usuly kosmonawt we iş alyp baryjylarda älem (kosmos) şertlerinde, älem gämisinde (kosmos korablynda) örän ujypsyz suwuň kömegi bilen ter gök önümleri ösdürip ýetişdirmäge mümkinçilik berdi.

    Daşoguz Agrosenagat orta

    hünär okuw mekdebiniň

    mugallymy: Döwletgeldi Weliýew