Çäksiz internet: gerek maglumatlary nädip tapmaly

Gözleg ulgamy köpden bäri dünýämiziň tanyş bölegine öwrüldi. Olar biziň üçin salgylanma kitaplaryny we ensiklopediýalary çalyşýarlar we umuman durmuşy aňsatlaşdyrýarlar, halaýan kitabyňyzy ýa-da gerekli peýdaly maglumatlary tapmak mümkinçiligi döredilen.

Emma käwagt zerur maglumatlary çalt tapmak mümkin däl. Internet torynda nädip maglumatlary çalt gözlemelidigi barada birnäçe peýdaly maslahatlar muny düzetmäge kömek edýär.

  • Gerekli maglumaty tapmak üçin maglumatyň bir ýa-da birnäçe sözüni ulanyň.
  • Maglumat tapylmadyk ýagdaýynda şol ulanylan sözüň manydaş sözüni, sinonimini ýazmaly.
  • Gözlegiň netijesine diňe birinji hatar esasynda baha bermäň. Azyndan tapylan maglumatlaryň iki-üç sahypasyny gözden geçirmeli.
  • Gözlegiň netijeli bolmagy üçin birnäçe brauzerden peýdalanmaly. Gözlegiň netijesi sizi geň galdyrmagy mümkin.
  • "Gözleg sahypasy" aýratynlygyny ulanyň. Saýlawdan bir sahypa açansoň, Ctrl + F ýa-da F3 gyzgyn düwmeleri bilen "sahypadaky gözleg"-i saýlamaly. Gerekli maglumatlary mümkin boldugyça çalt tapmak üçin açar söz giriziň.

Häzirki döwrüň talaplaryna hem-de geljekki ösüşiň ugurlaryna laýyklykda talyplaryň internet ulgamy barada bilimini artdyrmak maksady bilen, Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde kompýuter tehnologiýasy dersleri usuly birleşmesiniň mugallymlarynyň bilelikde gurnamagynda “Çäksiz internet: gerek maglumatlary nädip tapmaly” atly ussatlyk sapagyny geçirildi. Sapaga mekdebiň kompýuter tehnologiýasy usuly birleşmesine degişli bolan “Maglumat ulgamlary” hünäriniň talyplary gatnaşdylar. Sapagy geçmek bilen maglumatlary nädip gözlemeli ýükläp almalydygy öwredildi.




Daşoguz Agrosenagat orta

hünär okuw mekdebiniň

mugallymy: Jumamuradow Geldimurat