Ahlak kadalaryny berjaý etmek

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesilleriň watançylyk, zähmetsöýerlik, ahlaklylyk ruhunda terbiýelemegi üçin ähli mümkinçilikler döredilýär. Watany söýmek, il-güne hyzmat etmek halkymyzyň gadymdan gelýän asylly ýörelgesidir. Şonuň üçin hem milli ruhda terbiýe alan ýaş nesiller Watana wepaly, kämil şahsyýetler bolup ýetişýärler. Şu maksat bilen, ýaşlaryň döwrebap bilim almagy, zehinini ösdürmegi, hünär taýdan kämilleşmegi, giň dünýägaraýyşly, eziz Watanymyza wepaly şahsyýetler bolup ýetişmegi üçin ähli şertler döredilýär.

Biziň mekdebimizde hem talyplaryň arasynda ahlak kadalaryny berjaý etmek barada yzygiderli wagyz nesihat çäresi geçirilýär. Çärelerde esasanam jemgyýetçilik, köpçülik ýerlerinde özüňi alyp barmagyň medeniýeti we talabalaýyk geýinmegiň edebini berjaý etmelidigi, “el” telefonlaryny ulanylanda etiketiň hökman bolmalydygy, ýol üstünde uzak wagtlap gürleşip durmaly däldigi, internet tory ulanylanda netiketi hökman berjaý edip, özlerine okuw magsatlary üçin maglumatlary almalydygy, dünýä ylmy täzelikleri, habarlary bilen tanyş bolmak üçin ulanmaklyk ýygnagyň dowamynda nygtalyp geçildi. Adam wagtynyň belli bir bölegini köpçülikde, ýagny okuwda, işde, seýil baglarynda, kinoteatrlarda, ýolda, toýda, dabaralarda geçirýär. Adamyň häsiýetiniň artykmaç tarapy-da, kemçiligi-de, esasan, şol ýerlerde, köpçülik bilen gatnaşygynda ýüze çykýar.

Arkadagly Serdarly ýurdumyzda Watanymyzyň gülläp ösmeginde ýaşlar uly güýç bolup durýar. Muny Gahryman Arkadagymyz hem, Arkadagly Serdarymyz hem yzygiderli nygtaýar. Ýaşlara bil baglaýandyklaryny aýdýar. Ýurdumyzda ýaşlaryň hemmetaraplaýyn ösmegi üçin ähli şertler döredilip, olara jogapkärli wezipeler ynanylýar.




Daşoguz Agrosenagat orta

hünär okuw mekdebiniň

mugallymy: Kulmyradow Baýram