“GYZ EDEBI SANDYKDA”

Türkmen halky müňýyllyklaryň dowamynda maşgala bilen baglanyşykly ençeme milli däp-dessurlary, edim–gylymlary döredipdir. Olaryň ählisi biziň üçin ahlak ýörelgeleridir. Aslyýetinde, nesil terbiýesinde zenan ahlaklylygyna, adamkärçiligine degişli wagyz-nesihatlardyr, maslahatlary ýaşlygyndan olaryň gulagyna guýmak örän wajyp işdir. Bu däp-dessurlar durmuş tejribesinde synagdan geçen hakykatdyr.

Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň hem-de Şabat etrabynyň ilkinji zenanlar guramasynyň bilelikde gurnamagynda Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyp gyzlarynyň arasynda “Gyz edebi sandykda” atly wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

Oňa hormatly eneler, Türkmen oba hojalyk institutynyň Ilkinji zenanlar guramasynyň başlygy Mähri Şyhyýewa, mugallymlary Aýbibi Kutlyýewa, Aýsülik Sapargylyjowa we Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň zenan mugallymlary gatnaşdylar.

Geçirilýän çärede, ajaýyp zamanamyzda ýaşaýan gelin-gyzlarymyzyň türkmeniň şeýle däp-dessurlaryna eýerip, milliligimizi, ahlaklylygymyzy, edep-ekramlylygy goramakda yzygiderlilikde işler alnyp barylýandygy dogrusynda hormatly eneler buýsanç bilen belläp geçdiler.

Gyzyň gözelligi haýasynda, edebinde jemlenipdir. Türkmen gyzlary geýinmekde, geplemekde, iýip-içmekde utanç-haýany saklapdyr. Ene-atanyň ilkinji borjy gyzlaryna edep-terbiýe bermek, soňra bolsa hünär öwretmek bolupdyr. Ata-babalarymyzdan gelýän ýörelgä görä enesiniň terbiýesini alan gyz asylly we edepli bolup ýetişipdir.

Ata-babalarymyzdan miras galan terbiýe mekdebi, ruhy-ahlak ýörelgeler, adamkärçilik sypatlary umumadamzat gymmatlyklarydyr. Adam halal zähmeti bilen mertebä eýe bolýar we jemgyýete özüni aldyrýar.

Türkmen halky maşgala edebini milli däp-dessur esasynda ýöredýär. Halkymyzyň nesil terbiýesinde arassa ahlaklylygyň, ýagşy niýet, sabyr-takatlylygyň, halallygyň, zähmetsöýerligiň nusgalyk adam bolmakdaky wajyp şertdigini ündeýän milli edep ýoly her bir adamyň durmuş ýol ýörelgesini kesgitleýär. Pederlerimiz her bir zadyň, salamlaşmagyň, toýda-märekede oturyp-turmagyň, köpçülikde özüňi alyp barmagyň, hassa soramagyň, myhman garşy almagyň, goňşuçylyk edebiniň, çörek iýmegiň, geýinmegiň we özüňe timar bermegiň, şaý-sep dakynmagyň, hatda, ýöremegiň we sözleýişiň hem özboluşly edep kadalaryny sünnäläp şu günki günlerimize miras galdyrypdyr.

“Gyz edebi sandykda” diýen at bilen geçirilen wagyz-nesihat duşuşygynda zenanlara goýulýan sarpa, sylag we hormat barada giňişleýin söhbet edildi. Şeýle hem gadymdan galan miras bolan türkmeniň edep mekdebiniň ähli gymmatlyklaryny nesillere ýetirmekde eneleriň paýy barada giňişleýin söhbet edildi. Duşuşyga gatnaşanlar mähriban Watanymyzyň mundan beýläk-de gülläp ösmeginde, ýaş nesillerimize watançylyk ruhunda terbiýelemekde uly işleri durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiziň adyna hoşallyk sözlerini aýtdylar. Goý, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!

Daşoguz agrosenagat orta

hünär okuw mekdebiniň

Ilkinji zenanlar guramasynyň

başlygy: Akbibi Taýlakowa