Jeopardy Game

Hormatly Prezidentimiziň Arkadagly Serdarymyzyň çäksiz ünsi netijesinde ýaşlaryň dil öwrenmek, ony kämilleşdirmek, daşary ýurt dillerinde suwara gürleşmek ugrundaky okuw maksatly işlerine uly mümkinçilikler döredilýär. Iňlis dili dersi boýunça mekdebimiziň 118-nji mejlisler zalynda “Jeopardy Game” oýny geçirildi. Geçirilen bäsleşik görnüşli oýun netijesinde iňlis dilinde höwesjeň bolan talyplar gatnaşyp öz ukyp başarnyklaryny görkezdiler. “Jeopardy Game” oýnunda iňlis grammatikasynda degişli tekst soraglar düzülip talyplaryň iňlis dili boýunça bilimleri ýüze çykaryldy. Çäre iňlis dili mugallymy Adamowa Lýudmila tarapyndan gurnaldy. Çäräni alyp baryjy Merdan Hudaýnazarow talyplary bäsleşik bilen tanyşdyryp, öz aralarynda guralan toparlar bilen ýaryşdylar. Bäsleşigiň emin agzalary hökmünde mekdebimiziň 1-nji ýyl talyblary Alimbaýewa Dilýafruz, Saparbaýewa Salima, Matkarimowa Malahat, Klyçow Nurberdi, Kasimbaýewa Farida dagylar gatnaşdylar. Bäsleşigiň sonuňda ýeňijiler yglan edildi: . Ýenijilere höweslendiriji sowgatlar we hormat hatlary berildi.

Daşoguz Agrosenagat orta

hünär okuw mekdebiniň

mugallymy: Jumamuradow Geldimurat