Türkmenistan – Demokratik dünýewi döwlet

2023-nji ýylyň 20-nji fewralynda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň, Türkmenistanyň Döwlet Gümrük gullugynyň Daşoguz welaýat Gümrükhanasynyň we Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda “Türkmenistan – Demokratik dünýewi döwlet” atly maslahaty geçirildi. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýyly diýlip atlandyrylan ajaýyp döwrümizde halkymyz bagtyýar, asuda durmuşda ýaşaýar. Ýurdumyz ähli ugurlarda belent sepgitlere ýetip bedew bady bilen öňe barýar. Garaşsyz baky Bitarap Türkmenistan döwletimiz bütin dünýäde demokratik, dünýewi we adam hukuklarynyň berjaý edilýän döwleti hökmünde tanalýar. Maslahatyň barşynda çykyş edenler ýurdumyzda amala aşyrylýan demokratik özgertmeleriň ähmiýeti we wajyplygy dogrusynda birnäçe çuňňur manyly çykyşlar etdiler. Şeýle hem ýurdumyzda alnyp barylýan içeri we daşary syýasatyň ugurlary hem-de olaryň döwletimiziň ösüşindäki eýeleýän wajyp orny hakynda çykyş edenler belläp geçdiler. Maslahatyň dowamynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýurdumyzda hususy pudagy hemmetaraplaýyn ösdürmek, ýaşlary telekeçilik işine çekmek we olara dürli görnüşdäki ýeňillikli şertleri döretmek ugrunda amala aşyrylýan döwlet syýasaty dogrusynda birnäçe çykyşlar edildi. Maslahat Türkmeniň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize ýurdumyzy ösdürmek ugrunda alyp barýan taýsyz tagallalary üçin hoşallyk sözleri bilen jemlendi.

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw

mekdebiniň mugallymy: Kazakow Gadam