Beýik ösüşleri nazarlaýan dost-doganlyk gatnaşyklary

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň hem-de Daşoguz welaýat Maliýe Ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň bilelikde guramagynda Daşoguz welaýat kitaphanasynyň mejlisler jaýynda “Beýik ösüşleri nazarlaýan dost-doganlyk gatnaşyklary” atly duşuşygy geçirildi. Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň syýasy partiýalaryň öňünde goýan giň gerimli wezipelerine laýyklykda, halkara dost-doganlyk gatnaşyklaryny berkitmek, ösdürmek hem-de täze taryhy eýýamda ykdysadyýeti senagatlaşdyrmakda täzzeçil tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan we diwerfikasiýalaşdyrylan senagat toplumuny döretmek bilen bagly alnyp barylýan işler dogrusynda giňişleýin durulyp geçildi. Bu alnyp barylýan işler halkara gatnaşyklary ösdürmegiň netijesinde ähli pudaklaryň düzümini düýpli döwrebaplaşdyrmaga, Watanymyzyň baý tebigy serişdeleriniň esasynda işleýän ýokary tehnologiýalary we ylma esaslanýan kärhanalary täzeçe ösüşe beslemäge özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

Duşuşyga gatnaşan Türkmenistan Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň hünärmenleri, Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz Agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň hem-de Daşoguz welaýat Maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary, arasynda olaryň bilim ojaklarynda amal edilýän işler dogrusynda hem-de ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly ýokary derejeli hüärmenleriň taýýarlanylmagyň hem-de olary telekeçilige çekmegiň ähmiýeti dogrusynda çykyşlarynda aýratyn belläp geçdiler.

Ýurdumyzyň ägirt uly çig mal kuwwatynyň netijeli peýdalanmagyň, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleriň önümçilik möçberini artdyrmagyň hem-de Türkmenistanyň eksport kuwwtyny güçlendirmegiň anyk wezipelerini üstünlikli çözmegiň netijesinde içeri we daşary bazarlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümler öndürilýär diýilip buýsanç bilen bellenildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe “Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli mkasatnamasynda, Türkmenistanyň 2023-nji ýyl üçin maýa goýum Maksatnamasynda döwlet-hususyýetçilik hyzmatdaşlygyny, hojalygy ýöretmegiň netijeli usullaryny giňden ornaşdyrmaga, bazar gatnaşyklary şertlerinde telekeçileriň bu işlere işjeň çekilmegine uly ähmiýet berilýändigi dogrusynda hem durlup geçildi.

Duşuşykda çykyş edenler ýokarda agzalan ähli ösüşlerimiziň sakasynda duran Türkmen halkynyň Milli Lideri – Gahryman Arkadagymyza hem-de döwlet Baştutanymyz Arkadagly Serdarymyza Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň halkara derejesindäki at-abraýyň has-da belende galmagy ugrunda alyp barýan giň gerimli işlerinde rowaçlyklary arzuwladylar.

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw

mekdebiniň mugallymy: Jumamuradow Geldimurat