Mekdebimiziň ýaş şahyrlary

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda türkmen halkynyň paýhas çeşmesinden gözbaş alýan atalar sözleridir nakyllary hem-de akyldar şahyrlarymyzyň nusgawy eserlerini ylmy taýdan öwrenmek, halka wagyz etmek,bagtyýar nesillerimizi döwrebap derejede sanly tehnologiýalara daýanyp milli öwüşginde terbiýeläp, watansöýüji ilhalar, ynsanperwer, giň dünýägaraýyşly kemala getirmek döwlet syýasatynyň ileri tutýan ugurlarynyň birine öwrüldi. Akyldarlar aýtmyşlaýyn, «döredijiligiň çür başy — şygryýetiň», ýagny kalbyň jümmüşinde döräp, kükregiňi aldym-berdime salyp, durkuňy sarsdyran nepisden inçe duýgyny pikir bilen ýugrup, soňra-da şahyrana galyba salyp bilmek başarnygyny talap edýän şygryýetiň ynsana täsiri-de başgaça. Türkmeniň nusgawy edebiýatynyň akabasynda duran Magtymguly Pyragynyň, Mollanepesiň, Seýitnazar Seýdiniň, Zeliliniň Keminäniň, şahyrana döredijilikleri ussatlygyň naýbaşy nusgasy bolup, türkmeniň ruhyýetinde we aňyýetinde özüniň mynasyp ornuny tapdy.

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlaryň zehin-başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna bagyşlanyp mekdebiň talyplarynyň arasynda TDP-niň Daşoguz şäher komiteti bilen birlikde “Şygryýet-döredijiligiň çürbaşy” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi.

    Bäsleşikde talyp-ýaşlar şu şertlerde ýaryşdyrlar we erjelliklerini görkezdiler:
  • Talyplar öz düzen goşgusyny labyzly okap bermeli;
  • Toparyň bijesinden çykan goşgynyň awtoryny tanamaly;
  • Emin agzalary tarapyndan berlen tema boýunça 1 bent goşgy düzmeli;
  • Emin agzalary goşgynyň iki setirini aýdýarlar, yzyny özleri düzmeli.

Bäsleşigiň netijesinde 1-nji orna mekdebimiziň talyby Dädäýew Allaguly, 2-nji orna Esenowa Oguljeren, 3-nji orna bolsa Ataýewa Baýramgül mynasyp boldy. Ýeňiji bolan talyplara Hormat hatlary we höweslendiriji baýraklar gowşuryldy.

Jemgyýeti öwreniş dersleri usuly

birleşmesiniň mugallymy Gökiýewa Suraý,

Mekdebiň TDP-niň ilkinji partiýa

guramasynyň başlygy Kulmuratow Baýram