Sport

Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyp sportuň ýeňil atletika görnüşi boýunça Daşoguz welaýatynyň ýokary we ýörite orta okuw mekdepleriniň 6 sanysynyň arasynda talyp gyzlarynyň we talyp oglanlarynyň arasynda estafeta ylgawy boýuça 7-nji aprel güni ýaryşlar geçirildi. Şol ýaryşda Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebimiziň 1-nji ýyl talyp gyzlary Pirjanowa Jennet, Halmuratowa Sewara, Paşşyýewa Aýlar, Bazarbaýewa Güljanaý, talyp oglanlary Mahmudow Nurmuhammet, Umirbekow Kuwançbek, Töräýew Agamyrat, Kurbanbaýew Sanjarbek dagylar gatnaşdylar we oňat netijeler görkezdiler. Ýagny talyp oglanlaryň arasynda estafeta ylgawy boýunça 1-nji orna Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyp oglanlary, 2-nji orna Türkmen oba hojalyk institutynyň talyp oglanlary, 3-nji orna Beki Seýtkow adyndaky mugallymçylyk mekdebiniň talyp oglanlary mynasyp boldular.

Talyp gyzlaryň arasynda estafeta ylgawy boýynça 1-nji orna Türkmen oba hojalyk institutynyň talyp gyzlary, 2-nji orna Lukmançylyk mekdebiniň talyp gyzlary, 3-nji orna Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyp gyzlary mynasyp boldular hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar.

12-nji aprel güni orta hünär okuw mekdepleriniň mugallymlarynyň arasynda sportuň woleýbol görnüşi boýunça ýaryş geçirildi. Mekdebimiziň mugallymlary Emedowa Nurgözel, Rozmetowa Şirin, Taýlakowa Akbibi, Ataýewa Gülşat, Kakabaýewa Nabat, Kakaýew Jennet, Jepbarowa Akjagül, Atabaýewa Ejegül, Adamowa Lýudmila gatnaşdylar. Ýaryşyň netijesi boýunça 1-nji orna mekdebimiziň mugallymlary, 2-nji orna Beki Seýtäkow adyndaky mugallymçylyk mekdebi, 3-nji orna Magtymguly Garlyýew adyndaky sungat mekdebiniň mugallymlary mynasyp boldular, hormat hatlary we gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglandylar.

Sagdyn durmuş ýörelgelerini berjaý etmekde bize görelde bolup durýan Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Serdarymyzyň jany sag bolsun, alyp barýan il-ýurt bähbitli, bütin adamzat ähmiýetli döwletli işşleri hemişe rowaçlyklara beslensin.

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw

mekdebiniň mugallymy: Maksat Saparbaýew