Derman ösümliklerden çemen ýasamak

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda eziz diýarymyzyň Watanymyzyň geljegi bolan ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge, talyp ýaşlaryň arasynda ylymly, bilimli, sagdyn, ruhubelent ýaşlary ýetişdirmäge mümkinçilikler döredilýär.

2023-nji ýylyň aprel aýynyň 17 sinde Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünar okuw mekdebiniň Ösümlikçilik we topragy öwreniş dersleri usuly birleşmesiniň guramagynda Agronomçylyk hünäriniň talyp ýaşlary bilen “Derman ösümliklerden çemen ýasamak’’ atly çäre geçirildi.

“Derman ösümliklerden çemen ýasamak’’ boýunça geçirilen bu çärede esasan hem üzärligiň dermanlyk häsiýeti barada giňişleýin gürrüň edildi. Halk arasynda melhem hökmünde giňden peýdalanylýan bu täsin ösümlik il arasynda “Isbent”, “adrasman”, “däldirik” diýlip atlandyrylýar.

Üzärligiň ysyndan bakteriýalaryň, zyýanly mör - möjekler, ýylanlar gaçýandyr, sebäbi ösümligiň otundaky we tohumyndaky alkoloidleriň örän güýçli täsiri sebäp bolýar. Üzärligiň tüssesi dem alyş ýollaryna zyýan ýetirjek ýokançlaryň köpelmeginiň hem öňüni alýar.

Bu gün sagdyn durmuş ýörelgelerinden ugur alýan “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar ýylyny” uly ösüşlere we özgerişlere, üstünliklere beslemek maksady bilen joşgunly zähmet çekýän halkymyz gözel tebigatymyzyň eçilýän baýlyklaryna uly sarpa goýup ýaşaýar. Halkymyzyň saglygy we bagtyýarlygy ugrunda uly alada edýän Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, ömri uzak bolsun, umumadamzat bähbitli tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw

mekdebiniň mugallymy: Gaýypowa Merjen