PÄHIM – PAYHAS BERIJI MIWE

Ona latynça ,,musa sapientum” yagny, pahim-payhasly dana kişileriň iyyän miwesi diýip at beripdir.

Onuň dik ösýän sütüni beýle bir berk hem kuwwatly bolmasa-da, şaha–baldaklarynyň uzynlygy 10 metre, diametri –de 40 santimetre dagy baryp ýetýär.

Onuň bir düýp daragtyndan azyndan 500 kilogram süýji miwe alyp bolýar.

Bu miwe hemmesiniň daş reňki sarymtyl diýsek, onda hakykata beýle bir laýyk gelip-de durmaýar. Sebäbi olaryň gyzyl reňklisi-de kän. Ýöne gyzyl reňkliler juda näzik bolup, gara reňklilerden o diýen tapawutlanyp hem durmaýarlar we uzak aralyklara äkidilmäge eksport edilmäge ýaramsyz bolýar. Çünki olar basym zaýalanýar.

Bu miwede esasan W_6 witamini agdyklyk edýär, ol bolsa iýseň keýpiňi götermäge ýardam berýär. Seýşel adalary sarymtyl, gyzyl we gara reňklileriniň köp bitýän ýeridir.

Bu miwäniň daragty hasyl berijilik sahylygy bilen aýratyn tapawutlanýar. Ol diňe hasyllylykda apelsin bilen bäsleşip bilmeýär. Üzüm bu bäsleşikde 3-nji orny eýeleýär.

Ol özüniň kartoşkadan 1,5 esse ýokumlylygy bilen tapawutlanýar. Onuň kakadylan kişdesiniň kaloriýasy bolsa peýniriňkiden bäs esse ýokarydyr. Ýokarlanan gan basyşyny kadalaşdyrmaga we ýürek myşsalaryny kuwwatlandyrmaga hem onda ukyp ýeterlikdir.

Hormatly okyjylar, biz ýazgymyzyň dowamynda ýekeje gezegem şol arzyly miwäniň adyny agzamadyk. Ony sizden pynhan sakladyk. Elbetde, muny siziň şu ýazgymyzy soňuna çenli sabyr takatly we bilesigeljilik höwesi bilen okap çykmagyňyz üçin şeýle etdik. Ol miwe siziň her gün bazar dükanlarynyň tekçelerinde görýän we höwes bilen synlaýan miwäňiz banan bolmaly.

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw

mekdebiniň mugallymy: Laçyn Saryýewa