Adaty gamşyň, gargy gamşyň diňe tüýdük üçin ulanylmaýanyny türkmen milli ak öýlerini synlanyňda hem göz ýetirmek bolýar. Üns berseň, ak öýleri gelşigine getirip duran zat onuň daşyndaky gamşydyr.
Biziň ýurdumyzda gamşyň gargy gamşy, suw gamşy, hyşa ýa-da tirjin diýen görnüşleri ösýär. Olaryň hemmesi hem diňe bir ýokumly mal oty hökmünde ulanylman dürli hojalyk-durmuş hajatlary üçin ulanylýar. Ak öýleriň gamyşy olaryň üçisinden hem çykalýar. Özem hem owadanlyk üçin, hem berklik üçin her bir garyş aralykdan gyzyl ýylgyn çybygy goşulyp dokalýar. Ýylgyn çybyklar ak öýleriň gamşynda zolak-zolak bolup, oňa özboluşly bezeg berýär. Ondan hem başga ak öýleriň gamyşlaryna goşmaça bezeg hökmünde çykarylýan ýüpüniň dürli sapaklardan, alajadan edilýän, ýokary gyrasyna gotaz tutulýan ýagdaýlary hem bar.
Ak öýleriň gamşyny çykamak üçin gamyşlaryň ähli görnüşleri hem ulanylýar. Çykaljak gamyş üçin ýylaşan, gury, aram ýogynlykdaky gamyşlar saýlanyp alynýar. Olar çykalyp başlamazdan öňürti daşky gabygy ardylýar.
Gargy gamyşyndan öý gamşy çykaljak bolsa, ony dikligine dört bölege bölüp, adaty gamşyň ýogynlygyna getiriler.
Edil beýleki gamyşlar ýaly ak öýüň gamyşlary hem iki usulda çykalýar.
Onuň birinji usuly agaçdan edilen teläriň üstünde goýlup dik durup çykalýar.
Ikinji usul Gamyş çykalan ýüp ilki ýerden ýuwurudyp üstünde oturyp çykalýar.
Gamyşlar soňky döwürde boýra düşeklerini dokamak üçin ulanylmaýan hem bolsa öý gamyşlary, keçe gamyşlary hökmünde häzir hem köpçülikleýin ulanylýar.
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy: Laçyn Saryýewa