Gadym zamanlarda iki han bolupdyr. Olar bir-birini sylap, biri-birine sarpa goýýan ekenler. Gazply garly gyş gelipdir-de, olaryň arasy kesilipdir. Uzak garaşdyryp, gül-gülälekli, çykyrdap saýraýan garlawaçly ýaz gelipdir. Şonda hanlaryň ýaşkiçisi: “Dostumyň ýagdaýyny bilip gel, ol sag aman gyşladymyka?” diýip, onuňka çapar gönderipdir. Han dostunyň iberen çaparyny gowy garşylapdyr Nahardan soň ol “myhman töwir galdyr”diýipdir. Çapar hanyň ýaşululyk we hanlyk derejesini nazara alyp: “Han aga, töwir sizdendir! “ diýipdir. Han oňa töwir galdyrmagy ýene-de teklip edipdir.
Ýenede çapar “Sizdendir” diýip, şol bir sözini gaýtalapdyr. Han çapara üç gezek töwir galdyrmagy teklip edensoň, myhmanyň töwir galdyrjagyna akyl ýetirip, gaşlaryny çatyp özi töwir galdyrypdyr. Çapar öýüne tarap ýola düşenden soň han üç-dört sany ýasawuluna: ”Araçäkden geçensoň gowy akyla getiriň şuny!” diýipdir.
Olar hanyň buýrugyny ýerne ýetirip , araçägä çenli ony gorapdyrlar. Araçäkden geçen soň hem ýenjipdirler. Çapar oldüm- öldümde gelip, öz hanyna arz edipdir. “Seniň özüňde bir gep bolaýmasyn? “ diýip, han çaparyň myhmançylyga barandaky ähli hereketlerini birin-birin seljermäge durupdyr. Çaparyň günäsini tapman, dergazap bolup:” Ol meniň iberen çaparymy äsgermezlik edip, meniň hatyramy depeledi” diýip, goňşysy bilen uruşmaga taýýarlyk görüp başlapdyr. Şonda bir paýhasly adam tapylyp: “Han aga, bir sebäbi bardyr. Ýöne-ýerden ol çaparyňy ýençmez. Menem gidip göreýin” diýipdir.
Han ile sala salypdyr. Köpçilik ikinji çaparyň gidip görmegini isläpdir. Şeýdip, ol adam goňşy hanyňka ýola düşipdir. Goňşy han onyda güler ýüz bilen gowy garşylapdyr. Nahar çekilip, han mürähet edipdir. Nazly nygmatdan bolşulansoň, han oňa: “Hany, myhman töwir galdyr!” diýipdir. Ol iki aýtdyrman tagamyň hakyna töwir galdyrypdyr han ony halat-serpaýlap, ýola salypdyr. Bu çapary urýanam ýok diýýär, oňa sögýänem. Ol hanyň ýanyna gelip, goňşy hanyň beren halat-serpaýyny görkezip: “Meni-hä sylap bildi” diýip, ähli bolup geçen wakalary jikme-jigi bilen gürrüň beripdir. Şonda han öňki çaparynyň näme üçin ýenjilendiginiň sebäbini düşünipdir. Öňki çaparyň ýenjilendiginiň sebäbi töwir galdyrman, hanyň öz beren duzy üçin özüne sag bol aýdyrandygy eken. Soňky çapar bolsa töwür galdyryp, beren duzy üçin hana sagbol aýdypdyr, oňa alkyş okapdyr. Şonuň üçinem han soňky çapary edepli-ekramly adam hökminde serpaýlap ugradypdyr.
Halkymyz ýöne ýere “Töwir myhmandan” diýen nakyly döretmändir.
Töwüri elmydama myhman galdyrmaly. Myhman ýok bolsa ýaşuly adam galdyrmaly.
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy: Laçyn Saryýewa