Bedew baýramy mynasybetli “Atda wepa-da bar sapa-da” atly döredijilik bäsleşigi

Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň gözellik çelgisi hasaplanýan dal bedewlerimiz biziň milli buýsanjymyz we bahasyna ýetip bolmajak hazynamyzdyr. Ahalteke bedewi gözelligi bilen görenleri haýran galdyrýar. Hormatly Prezidentimiziň tarapyndan halkymyzyň milli gymmatlyklaryny öwrenmeklige, halkara derejesinde ösdürmeklige aýratyn ähmiýet berilýär. At mert ýigidiň syrdaşy, ar-namysydyr. Hormatly Arkadagymyzyň “Türkmen ahalteke bedewleri özüniň owadanlygy, asylly gylyk – häsiýeti we düşbüligi bilen älemde tanalypdyr” diýen sözlerinden ugur alyp ýaşlaryň sungata, çeper döredijilige bolan höwesini artdyrmak, zehinli ýaşlary ýüze çykarmak maksady Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebi we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýatynyň Daşoguz şäher Geňeşi bilen bilelikde gurnamaklarynda talyp ýaşlaryň arasynda Bedew baýramy mynasybetli “Atda wepa-da bar sapa-da” atly döredijilik bäsleşigi geçirildi.

Bäsleşikde Surat çekmek boýunça I-nji oruna Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş hünäriniň 1-nji ýyl talyby Alimerdanow Alibek, II-nji oruna Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş hünäriniň 1-nji ýyl talyby Baýramgulyýewa Ogulgurban, III-nji oruna Ýer ulanylyşy hünäriniň 1-nji ýyl talyby Täjow Nurýagdy mynasyp boldular. Goşgy düzmek boýunça I-nji oruna Oba hojalygynyň elektrifikasiýasy we awtomatizasiýasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby Kuliýewa Bägül, II-nji oruna Ýer ulanylyşy hünäriniň 1-nji ýyl talyby Annaýewa Baýramgül, III-nji oruna Oba hojalygynyň elektrifikasiýasy we awtomatizasiýasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby Esenowa Oguljeren mynasyp boldular. Makala ýazmak boýunça I-nji oruna Oba hojalygynyň elektrifikasiýasy we awtomatizasiýasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby Muhanowa Mahym, II-nji oruna Oba hojalygynyň elektrifikasiýasy we awtomatizasiýasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby Atjanowa Aýnur, III-nji oruna Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş hünäriniň 1-nji ýyl talyby Durdymyradowa Ýalkym mynasyp boldular. Ýeňiji bolan talyplara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher Geňeşi tarapyndan sowgatlar we hormat hatlar gowşuryldy.

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw

mekdebiniň mugallymy: Perman Ýegennazarow