Edebiýatçy talyp

Nurmyrat Saryhanowyň “Kitap” hekaýasynda beýan edilişi ýaly, türkmen – Magtymguly Pyragynyň kitabyny köşekli düýä çalyşan millet. Bu bolsa halkymyzyň edebiýata-sungata, ylaýtada Pyragynyň çuňňur pelsepä eýlenen eserlerine nä derejede sarpa goýýandygynyň aýdyň mysalydyr.

Hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda edebiýat-sungat, medeniýet gülleýär, ösýär, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň beýik jarçysyna öwrülýär. Ine şol mümkinçiliklerden ýerlikli peýdalanyp, Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebimizde, Kompýuter tehnologiýasy usuly birleşmesi tarapyndan, Magtymguly Pyragynyň döredijiligine bagyşlanyp, mekdebiň talyplarynyň arasynda “Edebiýatçy talyp” edebi bäsleşigi geçirildi. Talyp ýaşlary ynsanperwerligiň, pelsepäniň we şygryýetiň egsilmejek gory bolan kitaba bolan sarpasyny artdyrmak, talyplaryň milli we dünýä edebiýaty bilen tanyşlyk derejesini barlamak hem-de ýokarlandyrmak maksady bilen geçirilen bu çäre, gyzgyn bäsdeşlik ruhuna eýe boldy. Bäsleşikde milli edebiýatymyzyň görnükli wekilleriniň hem-de dünýä edebiýatynyň ussatlarynyň eserlerinden we durmuş ýollaryndan taýýarlanylan gyzykly soraglara jogap berildi şeýle hem olaryň döredijiligidir ömür ýollary bilen bagly gyzykly faktlaryň üstünde aýratyn durulup geçildi.

Çekeleşikli geçen bu edebi bäsleşikde mekdebimiziň Maglumat ulgamlary hünäriniň 2-nji ýyl talyby Matrizaýewa Dilrabo üstünlikli birinjilige, şol hünäriň 1-nji ýyl talyplary Sedmedow Şerzat ikinji orun we Berdiýewa Aýnabat üçünji oruna eýe boldular we mekdep tarapyndan Hormat hatlary bilen sylaglandylar.

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw

mekdebiniň mugallymy: Umyt Kuläýew