“Men Türkmenistanyň raýaty”

Konstitusiýa — bu döwletiň esasy kanuny bolup, ol halkyň, jemgyýetiň aýry-aýry sosial gatlaklaryň (toparlaryň) erk-islegini hem bähbitlerini beýan edýär we olaryň bähbitlerinden ugur almak bilen, belli bir ýurtda jemgyýetçilik gurluşynyň, döwlet guramaçylyk gurluşynyň iň wajyp başlangyçlaryny özüne berkidýär.Türkmenistanyň Konstitusiýasy hem 1992-nji ýylyň 18-nji maýynda kabul edildi.

Türkmenistanyň Konstitusiýasy döwletiň Esasy kanunydyr. Onda berkidilen kadalar we düzgünler gös göni hereket edýär. Konstitusiýa ters gelýän kanunlaryň we beýleki hukuk namalarynyň ýuridik güýji ýokdur. Türkmenistanyň her bir raýaty türkmenistanyň baş kanuny bolan konstitusiýamyzy özleriniň hukukdyr borçlary barada bilmelidir. Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebimizde 16.05.2023 senede mekdebimiziň talyp ýaşlarynyň arasynda “Men Türkmenistanyň raýaty” atly sorag-jogap bäsleşigi geçirildi. Bäsleşigiň dowamynda Türkmenistanyň Baş kanunyna, raýatlaryň hukuklary borçlary barada birnäçe gyzykly soraglar talyplara berildi. Çekeleşikli geçen ýaryşda gatnaşyjylar öz ezberliklerini görkezdiler. Ýaryş 2 toparyň arasynda geçip, has özüni görkezen talyplar topary höweslendiriji baýraklara mynasyp boldular.

Garaşsyz, Bitarap döwletimizde Hormatly Prezidentimiziň ykdysadyýetde, bilim–ylym pudaklarynda, oba hojalygynda, daşary syýasatda amala aşyrýan giň möçberli reformalarynyň hemmesiniň öňde goýlan maksatlara ýetmegi üçin halkara ülňülerine laýyk gelýän, kämil milli kanunçylygymyzyň bolmaklygy döwrüň talaby bolup durýar. Kanunçylyk binýadymyza has-da uly üns berýän türkmen halkynyň Milli Lideriniň, Hormatly prezidentimiziň jany sag il-ýurt ähmiýetli alyp barýan işleri hemişe üstünliklere beslensin!

Jemgyýeti öwreniş dersleri usuly

birleşmesiniň mugallymy Gökiýewa Suraý,

Mekdebiň TDP-niň ilkinji partiýa

guramasynyň başlygy Kulmuratow Baýram