“Zehin bäsleşigi”

2023-nji ýylyň 19-njy maýynda mekdebimizde talyp ýaşlaryň okuwdan boş wagtlaryny gyzykly hem mazmunly geçirmeklerini üpjün etmek üçin gyzykly çäreleri gurnap talyplaryň söýgüsini gazanyp gelýän Kompýuter tehnologiýasy dersleri usuly birleşmesiniň gurnamagynda “Zehin bäsleşigi” ady bilen gyzykly, çekeleşikli bäsleşik geçirildi. Bäsleşige dürli hünärlerden düzülen üç topar gatnaşdylar. Toparlar dört sany ugur boýunça 10,20,30,40,50 utuklyk suratlardan taýýarlanan logiki soraglara jogap bermek arkly bäsleşdiler.

Çekeleşikli geçen bäsleşikde ýeňiji bolan 1-nji toparyň agzalary bolan Maglumat ulgamlary hünäriniň 1-nji ýyl talyplary Seýdmedow Şerzat, Berdiýewa Aýnabat we Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş hünäriniň 1-nji ýyl talyplary Zarlykowa Roza, Kutlimuradowa Şahista şeýle hem bäsleşige aktiw gatnaşan 3-nji toparyň agzalary bolan Maglumat ulgamlary hünäriniň 1-nji ýyl talyby Garaýew Muhammet, Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş hünäriniň 1-nji ýyl talyplary Atajanowa Irada, Alimbaýewa Dilýafruz we Agronomçylyk hünäriniň 1-nji ýyl talyby Altyýew Guwanç mekdebimiz tarapyndan hormat haty bilen sylaglandylar.

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw

mekdebiniň mugallymy: Umyt Kuläýew