Maglumat ulgamlary hünäriniň talyby
Maýa Bekdurdyýewa

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Hormatly Arkadagymyzyň saýasynda talyp bolmak bagtynyň miýesser edenligine diýseň buýsanýaryn. Men öz saýlap alan ugrum Maglumat ulgamlary hünärinde okaýaryn. Belli iňlis syýasatçysy U. Çerçilliň “Kim informasiýany ele alsa – dünýäni ele alýandyr” diýen ajaýyp sözleri meniň Maglumat ulgamlary hünärini saýlamaklygyma itergi berdi. Saýlap alan hünärim boýunça kompýuter älemi, internet barada giňişleýin maglumatlary öwrenýäris. Maglumatlary öwrenmekde mugallymlarymyz öz gujur gaýratyny aýaman bize ýakyndan ýardam berýärler. Okuwdan boş wagtlarymda sport, çeper edebiýatlary okamak, aýdym-saz bilen gyzyklanýaryn. Çeper edebiýatlardan Hormatly Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitaby meni diýseň özüne çekýär. Sportuň woleýbol görnüşi bilen has-da gyzyklanýaryn. Çeper edebiýatlardan şahyr G.Ezizowyň goşgulary meni diýseň özüne çekýär. Onuň goşgularyna döredilen aýdymlar maňa has-da ýaraýar. Men öz ýürek buýsanjymy beýan etmek bilen ilki bilen şeýle ajaýyp zamanany döredip beren Hormatly Prezidentimize, bize gije-gündiz ýaltanmazdan öz bilýän zatlaryny öwredip bilim berýän mugallymlarymyza çäksiz minnetdarlygymy beýan edesim gelýär. Kalbymda baky bolup galjak bu talyplyk döwrümiň ýürek buýsanjyny beýan etmek bagtyna miýesser bolanlygyma bolsa diýseň buýsanýaryn.