Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymy
Pirmuhammed Baýjikow

Bilim ulgamyny toplumlaýyn ösdürmek hem-de hil taýdan täze derejä çykarmak Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Şunuň bilen baglylykda, Ýokary we orta hünär okuw mekdeplerini özgertmäge aýratyn ähmiýet berilýär. Ýokary we orta hünär okuw mekdepleri milli ykdysadyýetimiziň dürli pudaklary üçin ýokary we orta hünärli hünärmenleri taýýarlamalydyr. Ylym bilim ulgamynda özgetmeleriň maksada laýyk durmuşa geçirilmegi bu ulgamy yzygiderli kämilleşdirip ony hil taýdan täze derejä çykarýar. Täze ýokary okuw mekdepleriniň açylmagy häzirki döwürde zerur bolan hünärleriň sanawynyň giňeldilmegi muňa ýardam edýär.