Oba hojalygynyň elektrifikasiýasy we awtomatizasiýasy hünäriniň 1-nji ýyl talyby
Omarberdi Berdigylyjow

Berkarar döwletiň bagtyýarlyk döwründe Oba hojalygynyň elektrifikasiýasy we awtomatizasiýasy hünäri boýunça talyp bolmak bagty maňa-da miýesser etdi. Arkadag Prezidentimiziň saýasynda Türkmemenistan döwletimiziň energetika ulgamy pajarlap ösýär. Elektik, elektrik baradaky kitaplar ýaşlykdan meni özüne çekýär. Biziň welaýatymyzda gurlan gaz trubinaly elektrik stansiýasy welaýatymyzyň elektrik ulgamyna öz goşandyny goşýandygyny subut edýär. Häzirki döwürde ýurdumyzyň Mary welaýatynda gurlan ekologiki taýdan arassa elektrik stansiýasy, ony Hormatly Prezidetimiziň özüniň baryp açyp bermegi Watanymyzyň elektrik ulgamynyň ösüşiniň aýdyň subutnamasydyr. Ýurdumyzyň şeýle elektroenergetika ulgamynyň batly ösüşi meniň Oba hojalygynyň elektrifikasiýasy we awtomatizasiýasy hünärini saýlap almagyma itergi berdi. Hormatly Prezidentimiziň elektroenergetika ulgamy üçin edýän taýsyz tagallalary üçin öz adymdan, talyp deň-duşlarymyň adyndan minnetdarlygymy bildiresim gelýär. Bize okamaga, bilim almaga döredip berýän mümkinçilikleri taýsyz mümkinçilikleri üçin Arkadag Prezidentimize uly alkyşlar aýdýaryn. Goý Hormatly Prezidentimiziň jany sag, il-ýurt üçin tutýan tutumlary mundan hem beýläk rowaç bolsun.