Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebi

1

Orta hünär okuw mekdebiniň meýilnamasy 2024

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebi

Mekdep Türkmenistanyň Prezidentiniň 2010-njy ýylyň 25-nji iýunyndaky “Türkmenistanyň orta hünär okuw mekdepleriniň işini kämilleşdirmek hakynda” 11106 belgili karary esasynda döredildi. Mekdep Türkmen oba hojalyk institutynyň garamagynda bolmak bilen, orta hünär biliminiň maksatnamalaryny amala aşyrýan okuw mekdebidir.

Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe bilim, terbiýe we ylym ulgamynda Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistanyň oba hojalygy üçin syýasy taýdan sowatly, Watanyna, halkyna, Türkmenistanyň Prezidentine wepaly, ýurduň bähbitlerini halkara derejesinde mynasyp gorap bilýän we häzirkizaman bazar ykdysadyýeti gatnaşyklary şertlerine laýyklykda işlemäge ukyply, orta hünär bilimli hünärmenleri taýýarlamagyň möhüm düzüm bölegi bolup durýar.

Ylmyň we tehnikanyň iň soňky gazananlaryna laýyklykda enjamlaşdyrylyp, ýaşlara ýokary derejede hünär öwretmek üçin ähli zerur şertler döredilen Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň açylmagy, Hormatly Prezidentimiziň ýurdumyzyň oba hojalygyny ylmy esasda ösdürmek bilen bir hatarda, pudagyň kärine ussat, ökde hünärmenler bilen üpjün edilmegine hem uly üns berýändigine şaýatlyk edýär.

Usuly birleşmeler:

  • Jemgyýeti öwreniş dersleri
  • Oba hojalyk önümlerini gaýtadan işlemek we weterinar lukmançylygy dersleri
  • Kompýuter tehnologiýasy dersleri
  • Gidromeliorasiýa dersleri
  • Ykdysadyýet we dolandyryş dersleri

Mekdepde aşakdaky 11 hünär boýunça talyplar ylym-bilim alýarlar:

  • Gidromeliorasiýa
  • Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş
  • Ykdysadyýet we önümçiligi guramak (oba hojalygynda)
  • Ykdysadyýet we sanly maglumat tehnologiýalary
  • Sanly ykdysadyýet
  • Ykdysadyýet we buhgalterçilik hasaba alnyşy (oba hojalygynda)
  • Weterinar lukmançylygy
  • Oba hojalyk önümlerini öndürmegiň we gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy
  • Maglumat ulgamlary (oba hojalygynda)
  • Ýer gurluşygy we kadastrlar
  • Oba hojalygynyň elektrik üpjünçiligi we awtomatikasy

Mekdebiň binalar toplumy okuw binasyndan, 1 sany umumy ýaşaýyş jaýyndan, naharhanadan, hojalyk binalaryndan ybarat. Mekdepde kitaphana, elektron kitaphana, internet otagy talyplaryň hyzmatynda.