Kompýuter tehnologiýasy we tehniki dersleri usuly birleşmesi

1

Orta hünär okuw mekdebiniň meýilnamasy 2024

Kompýuter tehnologiýasy we tehniki dersleri usuly birleşmesi

Kompýuter tehnologiýasy dersleri usuly birleşmäniň düzüminde bäş sany mugallym işläp, usuly birleşmä degişli oba hojalyk önümlerini öndürmek we gaýtdan işlemegiň tehnologiýasy, ýer gurlyşygy we kadasrtlar, Maglumat ulgamlary we programirlemek hünärleri degişli bolup olara 103-nji, 110-njy, 122-nji, 123-nji okuw otaglary degişli bolup okatmagyň häzirki zaman tehniki serişdeleri bilen döwrebap abzallaşdyrylan. Häzirlki zaman kompýuter tehnologiýasy okuw otaglarda 25 sany kompýuterler bolup, talyplar tejribe sapaklarda geçilen temalary özbaşdak ýerine ýetirmäge mümkinçilik bar.

Usuly birleşme Maglumat ulgamlary we programirlemek hünäri boýunça okuwlary okatmak bilen “tehnik-programmist” käri, Oba hojalyk önümlerini öndürmek we gaýtadani işlemegiň tehnologiýasy hünäri boýunça okuwlary okatmak bilen “tehniki-tehnolog” käri, Ýer gurlyşygy we kadastlar hünäri boýunça okuwlary okatmak bilen “Ýer gurluşykçy” käri berilýän orta bilimli hünärmenleri taýýarlaýar.

Geljekki hünärmenler kompýuterleri peýdalanmagyň usullaryny we ýollaryny bilmelidirler. Usuly birleşmeniň mugallymlary ähli hünärlerde Algoritmiň we programmirlemegiň esaslary, Diskret matematika we matematiki logika, Ekerançylyk önümlerini gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy, Ekologiýa we daşky gurşawy goramak, Geoinformasion sistemalar, Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary, Hil barlagy, Metrologiýa, standartlaşdyrmak we sertifikatlaşdyrmak, Oba hojalyk önümleriniň daşalyşy we saklanyşy, Operasion ulgamlary, Ýer gurluşyk işlerini guramak we dolandyrmak Maldarçylyk önümlerini gaýtadan işlemegiň tehnologiýasy, Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary dersini okadýarlar. Talyplar kompýuterleşdirilen edaralarda işiň gurnalyşy ýagdaýyna anyk baha bermegi, soňra onuň netijeleri boýunça esaslandyrylan dolandyryş çözgütlerini kabul etmegi, geljege gönükdirilen, netijeli çözgütleri kabul etmek bilen baglanyşykly näbelliligi peseltmegi, kompýuterleri ulanmaklygyň maksadalaýyklygyny, Windows OU-ny doly öwrenmekligi, kompýuterlerde programma üpjünçiligini dolandyrmaklygy, kompýuter ulgamyndaky näsazlyklary düzetmegi, maglumatlary goramaklygy başarmalydyrlar.

Usuly birleşmede öz kärine ussat, halypa mugallymlar talyplara döwrebap bilim bermek bilen bilelikde, okuw gollanmalaryny, ylmy makalalary we okuw kitaplaryny yzygiderli taýýarlaýarlar. Şeýle hem mekdebimiziň talyplary ylymly-bilimli we okuwdan daşgary hem dünýä täzelikleri bilen gyzyklanýan höwesjeň ýaşlar okaýarlar. Olar gazet-žurnallarda yzygider çykyş edýärler. Talyplar Döwlet derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerinde “Matematika” we “Häzirki zaman kompýuter tehnologiýalary” derslerden gatnaşýarlar we yzygiderli baýrakly orunlara eýe bolýarlar hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan hormat hatlara mynasyp boldular.