Ykdysadyýet we dolandyryş dersleri usuly birleşmesi

1

Orta hünär okuw mekdebiniň meýilnamasy 2024

Ykdysadyýet we dolandyryş dersleri usuly birleşmesi

Usuly birleşmäniň düzüminde Buhgalterçilik hasaba alnyşy, Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş hünärleri boýunça orta hünär bilimli hünärmenler taýýarlanyp, ýedi sany mugallym talyplara hünär öwredýär.

Ýokarda agzalan hünärler boýunça orta hünärli hünärmenleri taýýarlamaga şu aşakdaky derslerden bilim terbiýe berilýär okadylýar:

1. Türkmenistanyň durmuş ykdysady ösüşiniň döwlet kadalaşdyrylyşy.
2. Oba hojalygynyň ykdysadyýeti.
3. Oba hojalyk önümçiligini meýilnamalaşdyrmak, guramak we dolandyrmak.
4. Salgytlar we salgyt salma.
5. Buhgalterlik hasaba alynyşy.
6. Maliýe we karz.
7. Statistika.
8. Ykdysady nazaryýet.
9. Hojalyk işleriniň analizi.
10. Telekeçiligiň esaslary.
11. Marketing.

Usuly birleşmede öz kärine ussat mugallymlar talyplara döwrebap bilim bermek bilen birlikde, sanly bilim konsepsiýasyny hem-de sanly ykdysadyýeti, okatmagyň täze ösen tehnologiýasyndan peýdalanyp, döwrebap aragatnaşyk enjamlary bilen enjamlaşdyrlan okuw otaglarynda ýurdymyzyň dürli okuw mekdepleri bilen sanly wideo şekilli okuwlar yzygiderli okatmaklyk ýola goýlan. Okuw otaglarynyň häzirkizaman kompýuter tehnologiýalary bilen doly abzallaşdyrylmagy ýaşlara kämil derejede bilim bermäge, hünär öwretmäge ýardam edýär. Okuw otaglarynda döredilen amatlyklardan peýdalanyp, mugallymlar özleriniň geçirýän her bir okuw sapagyny proýektorlar arkaly ýokary derejede gurnaýarlar.

Talyplar ylymly-bilimli we okuwdan daşgary hem dünýä täzelikleri bilen gyzyklanýan höwesek ýaşlar okaýarlar. Olar gazetlerdir-žurnallarda yzygider çykyş edýärler. Şeýle-de olar mekdebiň içinde geçirilýän çeper edebiýatlar boýunça, Watany, Hormatly Arkadagymyzy wasp edýän goşgylary goşmak boýunça ýaryşlara gatnaşyp baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar.

Usuly birleşmäniň talyplary döwlet derejesinde geçirilýän ders bäsleşiklerine işjeň gatnaşyp, guwandyryjy netijeleri gazanýarlar.

Usuly birleşmäniň mugallymlary O. Şallyýewiň, K. Kaipowanyň çapa taýýarlan “Oba hojalyk önümçiligini meýilnamalaşdyrmak, guramak we dolandyrmak” dersiniň okuw kitabynyň 2016-njy ýylda Türkmenistanyň Bilim Ministrligi tarapyndan çapdan çykmagy geçirilýän okuw işleriniň ýokary derejede, halkara ülňülerine laýyk gurnalýandygyna şaýatlyk edýär.