Bilim hem ylym hakynda hekaýa

Myraly bilen Soltan söýün iki bolup atly bir ýere barýarkalar, ýoluň gyrasynda 5-6 ýaşly bir oglanjyk palçyk oýnap otyran ekeni. Onuň deňine ýetende Myraly atdan düşýär-de, ýaňky oglanjygyň ýanyna baryp, tagzym edip salam berýär.

  • Sen Magrupdan maşryga ýetip duran uly döwletiň baş wezipi, uly şahyr, beýik alym. Mana düşmez çaga atdan düşip, tagzym edip, salam bereniňe düşünmedim-diýip sorapdyr.

  • Ol oglanjygyň garry atasy bize bilim beripdi.

Şonuň üçünem men onuň ýedi arkasyna bergili. Şalaryň, wezirleriň atdan düşip salam bermegi juda uly sarpa.

*****

Bir barjamly kişi özüniň iki sany oglyny ylmy öwrenmek üçin bir ylymly adamyň ýanyna ugradýar. Bir hepde töweregi gatnan soň, ýaňky adam oglanlaryna ylmy berip ýören adama bir gaşawyç tylla ugradypdyr. Emma ol adam baýyň iberen bir gaşawyş tyllasyny yzyna gaýtarypdyr.

  • Men munça köp tyllany alar ýaly entek onuň oglanlaryna köp ylym berip ýetişemok-diýip, ol aýdypdyr. Ertesi baý oglanlaryny ol alymyň ýanyna gitmekden alyp galypdyr:

Siz ylym almak üçin başga adam gözäň. Ol alym hem bolsa ylmyň bibaha zatdygyny bilmeýän ekeni.

*****

Bir oglanjyk derýanyň gabat garşysyndaky molla gatnap bilim alypdyr. Ýöne derýanyň geçelgesi sähel uzagyrakda bolup, ep-esli ýerden aýlanyp gelmeli eken. Bir gün oglanyň ene-atasy ogluna şu gün mollaňam öýe alyp gaýt, zyýarat edeli diýipdirler. Oglanjyk okuwdan öýüne gelipdir.

  • Mollaň gelýärmi

  • Howwa olam yzym bilen gaýtdy.

Molla wagty bary gelmändir. Ep-esli wagytdan soň ahyry ol gelipdir.

Çaganyň ene-atasy munuň sebäbini sorapdyr. Oglanjyk ýagdaýy düşündiripdir. Mollamyz maňa kulhuallany üç gezek okasaň, suwyň ýüzinden ýöräp geçip gidibermeli diýdi. Onsoň menä suwyň ýüzinden ýöräp geçdim-de öýe geldim. Mollamyzyň özi maňa öwredenini etmän, geçelgeden aýlanyp geçip gelmäne gitdi. Dünýäde ynanmak ýaly güýçli zat ýok.

Ýaşap görseň bilersiň.

Gürrüň adamyň aklynyň näçe ýaşda goýalýandygy barada gitdi. Togsany emeklän goja bu barada täsin deňeşdirme getirdi:

  • Agajyň miwesi gowy bişen wagty süýjeýär.

Adamam şonuň ýalyda. Onuň akylam şahadan üzülmeziniň öň ýany iň kämil derejä ýetýär.

Soňam gülip söhbetiniň yzyny degişmä ýazdyrdy:

Munuň şeýledigine göz ýetirjek bolsaň, sizem togsan ýaşap görüň. Segsen ýaşda-da akylyňyzyň heniz kämil däldigini bilersiňiz.

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw

mekdebiniň mugallymy: Laçyn Saryýewa