“Magtymguly, öwüt bergin söz birle”

Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ata Watanymyz-Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe beýik özgertmeleriň we ösüşleriň ýurduna öwrüldi. Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebimizde Gündogaryň beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli Magtymguly adyndaky türkmen döwlet uniwersitetiniň yglan etmeginde ýokary we orta hünär okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda yglan eden “Magtymguly, öwüt bergin söz birle” atly diktant bäsleşiginiň mekdep tapgyry geçirildi.

Hormatly Prezidentimiziň ylym-bilim syýasatyny durmuşa geçirmek, türkmen ýaşlaryny ata-babalarymyzyň ynsanperwer ýörelgesi esasynda milli ruhda terbiýelemek, talyp ýaşlaryň döwlet dilini kämil derejede bilmeklerini gazanmak, olaryň türkmen dilinden ýazuw sowatlylygyny ösdürmek,zehinli talyplary ýüze çykarmak maksady bilen geçirilen bu bäsleşige mekdebimiziň talyplary işjeň gatnaşdyrlar. Mekdep tapgyryna jemi 51 talyp gatnaşyp,şondan ilkinji diktant ýazylyşykda 10 sanysy öňe saýlandylar we ikinji ýazylyşykda 6 sanysy degişlilikde baýrakly orunlary eýelediler. “Magtymguly, öwüt bergin söz bile” atly diktant bäsleşiginiň mekdep tapgyrynyň ýeňijileri şu aşakdakylardyr:

Taganowa Maýsa, Ykdysadyýet meýilnamalaşdyryş hünäriniň 101-nji toparynyň talyby;

Ýewbaýewa Tawus, Buhgalterçilik hasaba alnyşy hünäriniň 102-nji toparynyň talyby;

Aýmyradow Hezret, Ýer ulanylyşy hünäriniň 101-nji toparynyň talyby;

Muhammedowa Aýbölek, Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş hünäriniň 102-nji toparynyň talyby;

Alyýewa Kümüş, Buhgalterçilik hasaba alnyşy hünäriniň 102-nji toparynyň talyby;

Baýramgulyýewa Ogulgurban, Ykdysadyýet we meýilnamalaşdyryş hünäriniň 101-nji toparynyň talyby.

Ýaşlaryň ösmegi üçin ummansyz mümkinçilikleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň jany sag, il-ýurt bähbitli tutýan işleriniň elmydama rowaç bolmagyny tüýs ýürekden arzuwlaýarys.

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw

mekdebiniň mugallymy: Gökiýewa Suraý