Üzärlik müň derde derman

Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiziň gözel tebigaty, ynsan saglygyna melhemlik täsiri dermanlyk ösümliklere örän baýdyr. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik kitabynda türkmen topragynda bitýän dermanlyk ösümlikler barada gymmatly maglumatlar berilýär. Şolaryň hatarynda müň derde derman hasaplanýan üzärlik barada hem giňişleýin maglumat berilýär.

Häzirki döwürde Türkmenistanda lukmançylygyň nyşanynda üzärligiň şekiliniň ýerleşdirilmegi tötänden däldir. Ol türkmen halk tebipçiliginde we ylmy lukmançylykda köp sanly keselleriň öňüni almak we olary bejermek babatda giňden ulanylýar. Şeýdip, birnäçe ýokanç keselleriň ýokuşmagynyň öňüni alypdyrlar. Üzärlik oty tütedilende bolsa mikroblaryň gyrylýandygy anyklanyldy.

Üzärligiň düzüminde adamyň saglygyna bedenine peýdaly täsirini ýetirýän dürli maddalar, ýagny garmalol, garmin, peganin ýaly alkaloidler, kaliý, magniý, demir ýaly makroelementler, marganes, alýuminiý, nikel ýaly makroelementler saklanýar.

Bu ösümlik merkezi we çetki nerw ulgamynyň kesellerinde, bogunlardaky guragyryda , dürli ýokanç we deri örtüginiň kesellerinde çişlerde, garnyň ýellenmeginde, damaryň çekmesinde we soguljanlaryň garşysyna göreşmekde peýdaly.

Hemmämize mälim bolşy ýaly paýhasly pederlerimiz milli däplerimize görä, türkmen halky toý tutanda, maşgalada täze bäbek dünýä inende, ogul öýerip, gyz çykarylanda, täze jaýa göçülende üzärlik ösümligi howluda, otagyň içinde tütedilýär. Bu bolsa döwletliligi, rysgallylygy, goraglylygy üpjün edýär. Ata-babalarymyz ony çogdamlap, öýleriniň girelgesinde asyp goýupdyrlar. Üzärligiň tüssesiniň adam saglygy üçin howply bakteriýalary ýok edýändigi köplere mälimdir. Adamlaryň köp üýşýän ýerinde üzärligi tütetmegiň esasy maksady döräp biläýjek ýokanç keselleriň öňüni almakdyr. Oba hojalygynda ösümliklere zyýan berýän mör-möjeklere garşy ulanmakda hem üzärligiň peýdasy uludyr.

Üzärlik iki maksat bilen, ýagny, dermanlyk häsiýeti üçin we boýag hökmünde ulanylypdyr. Ol suwsyzlyga örän çydamly ösümlikdir. Şonuň üçin ol diňe gurak ýerlerde bitýär. Türkmenistanda onuň diňe bir görnüşinde gabat gelinýär.

Ol aprel-maý aýlarynda gülleýär, iýun-awgust aýlarynda bolsa tohumlaýar. Üzärligiň kökleri topragyň has çuňlugyndaky suwlardan içip bilýär. Ýaz aýlarynda heniz ýetişmedik üzärlikleri göklügine ormaly däldir. Tomsuň ahyrky aýlarynda ýada güýz aýlarynda üzärlik ösümligini derman serişdesi hökmünde ýygmaga rugsat edilýär. Üzärlik ösümligini basgylamaly däl, güllerini ýolmaly däl. Ony ýyganyňdan soňra, kölegede guratmaly. Günde goýlan üzärlik dermanlyk häsiýetini ýitirip biler. Guradyp goýlan üzärligi uzak wagtlap saklap bolýandyr ýagny 3-4 ýyllap dermanlyk häsiýetini ýitirmeýär.

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň

Ykdysadyýet we buhgalterçilik hasaba alnyşy hünäriniň 1-nji ýyl talyby: Azada Orazowa