Ýakynda Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher Geňeşi bilen bilelikde gurnamagynda Bagtyýar zaman medeniýet öýünde talyp ýaşlaryň gatnaşmaklarynda “Hünärime hormatym bar” atly döredijilik bäsleşigini gurnady. 2025-nji ýyly “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip atlandyrylmagy mynasybetli ýaşlarda hünäre bolan söýgüsini kemala getirmek, ylym-bilim, döredijilik zehinini açyp görkezmek maksady bilen geçirildi. Bäsleşikde mekdebiň birinji ýyl talyp ýaşlary özleriniň saýlap alan hünärlerini wasp edip goşgylaryny ýürek buýsançlaryny we oňa degişli işlerini ýerine ýetirip görkezdiler. Bäsleşik talyp ýaşlar we oňa gatnaşyp tomaşa edýänler üçin örän gyzykly we çekeleşikli boldy. Emin agzalaryň gelen netijelerine laýyklykda 1-nji orna Sanly ykdysadyýet, 2-nji orna Ykdysadyýet we buhgalterçilik hasaba alnyşy, 3-nji orna bolsa Ykdysadyýet we önümçiligi guramak (oba hojalygynda) hünärleri mynasyp boldular. Ýeňiji bolan talyp ýaşlara Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň Hormat hatlary we Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher Geňeşiniň adyndan sowgatlary dabaraly gowşuryldy. Dabaranyň ahyrynda talyp ýaşlaryň okamaklary, döredijilik bilen meşgul bolmaklary üçin ähli şertleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar we aýdym sazlar belentden-belent ýaňlandy.
Daşoguz agrosenagat orta
hünär okuw mekdebiniň
Ykdysadyýet we buhgalterçilik hasaba alnyşy
hünäriniň 1-nji ýyl talyby: Orazowa Azada