Golaýda Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň Zenanlar guramasynyň gurnamagynda mekdebiň uly zalynda Halkara Nowruz güni mynasybetli mekdebiň talyp gyzlarynyň arasynda zehin başarnyklaryny ýüze çykarmak maksady bilen “Hany bakaly, gyzlar!” ady bilen aýdym-sazly, dabaraly bäsleşigini gurnadylar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe, Hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyz aýdyň ýol bilen belentliklerden-belentliklere barýar. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemek we olaryň kämil şahsyýetler bolup ýetişmeklerini gazanmak, ýaşlary hünärlere ugrukdyrmak, olaryň tebigy zehinini, ukyplaryny ýüze çykarmak, Türkmeniň milli mirasyny, milli el işleri we sensetçilik bilen meşgullanmak barada berýän tabşyryklaryny ýerine ýetirmek.
Bedew bady bilen okgunly öňe barýan berkarar döwletimizde ýaş nesilleriň bagtyýar hem-de abadan durmuşda ýaşamagy üçin ýaşlaryň halkara ülňülerine laýyk gelýän döwrebap bilim almagynda, saýlap alan hünärleri boýunça bilimlerini artdyrmagynda, ylmy we döredijilik işlerine höweslenmeginde, dünýägaraýyşlaryň giňelmeginde, bedenterbiýe we sport bilen meşgullanmagynda hemme taraplaýyn goldaw bermek Hormatly Prezidentimiziň öňde goýýan baş wezipeleriniň biridir.
Mekdebiň talyp gyzlary düzgünnama laýyklykda 5 şert boýunça erjellik bilen bäsleşdiler. Bäsleşik örän ýokary guramaçylykda geçirilip, talyp gyzlarda uly gyzyklanma döretdi we ýatdan çykmajak wakalaryň biri boldy.
Emin agzalaryň gelen netijelerine laýyklykda 1-nji orna Ykdysadyýet we buhgalterçilik hasaba alnyşy, 2-nji orna Sanly ykdysadyýet, 3-nji orna bolsa Ykdysadyýet we önümçiligi guramak hünärleri mynasyp boldular.
Ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň gymmat bahaly sowgatlary we mekdebiň Hormat hatlary höweslendiriji baýraklar dabaraly gowşuryldy.
Bäsleşigiň ahyrynda Zenan mertebesine uly hormat sarpa goýýan we gelin-gyzlaryň milliligimizi wasp etmäge olar bilen giňden meşgul bolmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýändikleri üçin Gahryman hem mähriban Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlar aýtdylar.
Daşoguz agrosenagat orta
hünär okuw mekdebiniň
Ykdysadyýet we buhgalterçilik hasaba alnyşy
hünäriniň 1-nji ýyl talyby: Orazowa Azada