Berkarar Döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Arkadagly gahryman Serdarymyzyň Ata-babalarymyzdan miras galan milli däplerimizi ösdürmekde edýän tagallalaryndan ugur alyp, Milli bahar baýramynyň öň ýanynda Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde “Hany bakalyň gyzlar” ady bilen bäsleşik geçirildi. Bu bäsleşikde talyp gyzlarymyz ene-mamalarymyzdan miras galan el işlerini, milli tagamlary taýýarlamagy uly başarjaňlyk bilen ýerine ýetirdiler. Geçirilen bäsleşik mekdebimiziň talyplarynda milli däplerimize bolan gyzyklanmalary ýenede artdyrdy we örän täsirli boldy.
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy: Kazakow Gadam