Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň Oba hojalygynyň elektrifikasiýasy we awtomatizasiýasy hünäriniň 2-nji ýyl talyplary “Elektrik stansiýalaryň elektrik bölegi we podstansiýalar” dersi boýunça “Biz halypalardan öwrenýäris” ady bilen baglanşykly Daşoguz döwlet elektrik stansiýasynyň Elektrik sehiniň başlygy Mämedow Wepa gatnaşmagynda utgaşykly okuw sapagy geçirildi.
Okuw sapagynyň dowamynda Mämedow Wepa Daşoguz döwlet elektrik elektrik stansiýanyň mümkinçilikleri, welaýatymyzyň elektrik üpjünçiligi barada giňişleýin gürrüň berdi.Şeýle hem talyplar özleriniň gyzyklanmalary boýunça birnäçe sorag-jogap alyşdylar.
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy: Haýydow Maksat