16-nji aprelda Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebi Daşoguz welaýatyndaky Bagtyýar zaman medeniýet öýünde ylmy-amaly maslahatyny geçirdi. Maslahat “2025-nji ýyl-Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda” dabaraly belleniljek Türkmen bedewiniň baýramy mynasybetli “Ahalteke bedewleri türkmen halkynyň uçar ganatydyr” atly şygary bilen geçirildi. Ylmy-amaly maslahata Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň mugallymlary we bagtyýar talyp ýaşlary şeýle-de medeniýet we sungat işgärleri gatnaşdylar. Maslahatda çykyş edenler ýurdumyzda bedew atyna uly sarpa goýulýandygy we behişdi bedewleriň iň gymmatly baýlykdygy barada giňişleýin çykyşlar edildi. Çäräniň ahyrynda medeniýet we sungat işgärleriniň ýerine ýetirmeginde ýaňlanan aýdym-sazlar belentden belent ýaňlandy.
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy: Mekan Annaýew