“Ganatly bedewler uçar ganatym”

18-nji aprelda Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň kitaphanaçylary we welaýat merkezi kitaphanasynyň kitaphanaçylary bilen bilelikde gurnamagynda golaýlap gelýän Türkmen Bedewiniň milli baýramy mynasybetli talyp ýaşlar bilen söhbetdeşlik geçirdi. Çärede Behişdi bedewleriň gymmatly baýlykdygy barada we alym Arkadagymyzyň bedewleri wasp edýän dürli eserleri barada giňişleýin gürrüňler edildi. Ýurdumyzda bedewlere uly sarpa goýulýar we olaryň ykbaly bu günki günde hasda belende göterilýär. Dabaranyň ahyrynda milli baýramlarymyzy dabaralandyrmaga ähli mümkinçilikleri döredip berýän Türkmen halkynyň Milli lideri Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza uly hoşallyk bildirdiler.

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw

mekdebiniň mugallymy: Mekan Annaýew