“Milli miras-medeni miras”

18-nji aprelda Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebi Daşoguz welaýatynyň gözel künjeginde ýerleşýän Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde talyplar we mugallymlar bilen gezelenç çäresini gurnady. Çärede talyplar medeni we milli ýadygärlikler bilen tanyşdylar. Olar barada Muzeýiň hünärmenleri täsirli we gyzykly gürrüňleri içgin düşündirdiler. Gezelenç çäre talyp ýaşlarda uly täsir galdyrdy. Talyplar Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza şeýle medeni ýadygärlikler bilen tanyşmaga we milli sungatymyzy häzirki döwrüň talabyna laýyk ösdürmekde ähli mümkinçilikleri döredip berýändikleri üçin köp köp sagbolsun aýtdylar.

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw

mekdebiniň mugallymy: Mekan Annaýew