BIZ HALYPADAN ÖWRENÝÄRIS

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşlara bilim bermegiň hilini ýokarlandyrmak, olaryň nazary okuwlarda alan bilimlerini önümçilikde ýerine ýetirilişini tejribeli halypalardan öwretmek maksady bilen, mekdebimiziň ykdysadyýet we dolandyryş dersleri usuly birleşmesiniň talyplary Şabat etrabyndaky “Alaý” daýhan hojalygynyň başlygy Allabergen Egembergenowyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler partiýasynyň Daşoguz welaýat komitetiniň uly hünärmeni Gözel Ýoldaşowanyň gatnaşmagynda “Biz halypalardan öwrenýäris” atly halypa-şägirtlik duşuşygy geçirildi. Talyplar halypalara gyzyklanýan soraglaryny berip, duşuşyk öran gyzykly we täsirli geçdi.

Asuda, parahat, agzybir Döwletde ýaşlarymyza erkana ýaşamaga, okamaga, öwrenmäge giň şertler döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak, işleriniň rowaç bolmagyny arzuw edýärin.

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň

Önümçilik iş tejribesiniň ýolbaşçysy: D.Alawow