Haçanda mugallym dünýä inende, onuň sallançagynyň başujuna üç sany perişde gelipdir.
Birinji perişde: “Sen elmydama juwan bolarsyň”, sebäbi seň daş töweregiňi çagalar gurşar;
Ikinji perişde: ”Seniň pikirleriň we ýüregiň owadan bolar, çünki öz ýüregiň çagalara berip bilmek ýaly asylly we päkize kär ýokdur”,
Üçunji perişde: “Sen baky ýaşarsyň sebäbi seniň okuwçylaryň seň durmuşyň dowamy bolar” diýipdirler!
Mugallym-diňe bir terbiýeçi ýa-da belli bir desden sapak öwrediji bolman, eýsem ýol görkeziji ýol belet , halypa we durmuş göreldesi. Mugalym- okuwçynyň bilimini we düşünjesini kämilleşdirmäge ýardam berýän, öwrenmäge, döretmäge we geljekgi ýetgençeklere ýol görkezýän şamçyragdyr.
“Mugallymyň sözi watanyň sözi
Ol sözde ýerleşýär dünýä dek mazmun
Mugallymyň sözi kanun mekdebi
Mugallymyň sözi öýde-de kanun”
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy: Laçyn SARYÝEWA