Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň 15.10.2025 ý 4/9923 belgili hatyna laýyklykda Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebinde talyp gyz-gelinleriň, mekdebiň ilkinji zenanlar guramasynyň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky ýaşlar guramasynyň Daşoguz şäher geňeşiniň hünärmenleriniň, welaýatyň hukuk goraýjy edaralaryň wekilleriniň hem-de mährem eneleriň gatnaşmagynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.
Wagyz-nesihat çäresinde Hormatly Prezidentimiziň türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň alyp barýan içeri we daşary syýasaty, ýurdumyzyň halkara abraýy, ata-babalarymyzdan miras galan milliligimiz, gyz-gelinlerimiziň edep-terbiýesi barada giňişleýin gürrüňler berildi.
Ýygnakda Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmaklary, Watanymyzyň gülläp ösmegi üçin alyp barýan bimöçber işleriniň rowaç almaklary arzuw edildi.
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy: M.Gaýypowa