Hormatly Prezidentimiziň gymmatly eserleri halkymyzyň ruhy şamçyragy

Oktýabr aýynyň 20-de Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebi hem-de Daşoguz welaýat kitaphanasy bilen bilelikde gurnamagynda “Hormatly Prezidentimiziň gymmatly eserleri halkymyzyň ruhy şamçyragy” atly göçme sergisini gurnady. Onda kitaphanada ýerleşdirilen ähli kitaplara ser salyndy. Gahryman Arkadagymyzyň atalyk kitaplarynyň many-mazmuny we gymmatlylygy barada giňişleýin söhbetler edildi. Häzirki wagtda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ajaýyp kitaplarynyň, eserleriniň kitaphana gorlarynda aýratyn orun eýeleýändigi we ony türkmen halkynyň aýratynam türkmen ýaşlarynyň uly höwes bilen okaýandyklaryny bellemek gerek. Halkymyza şeýle ajaýyp durmuşy peşgeş beren Gahryman Arkadagymza Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp köp sagbolsun aýdýarys.

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw

mekdebiniň mugallymy: M.Annaýew