Oktýabr aýynyň 23-de Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli Daşoguz welaýat kitaphanasynda Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň talyp ýaşlary bilen sergi geçirildi. Onda türkmen alabaýynyň örän ajaýyp keşplerine, çekilen suratlaryna syn edildi. Türkmen halkynyň edil ahalteke bedewleri hem-de ajaýyp halylarymyzyň, milli gymmatlyklarynyň hatarynda durýandygy barada giňişleýin aýdylyp geçildi. Häzirki wagtda türkmen alabaýy dünýäde meşhur tohumlaryň biridir. Türkmen alabaý itleri dünýäniň goragçy tohum itleriniň hatarynda öňdäki orun eýeleýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, alabaýlaryň tapawutly aýratynlyklarynyň birini hem ýitmezligi üçin olary diňe hünär derejesinde köpeltmek zerurdyr. Halkyna şeýle ajaýyp baýramlarymyzy dabaralandyrmaga ähli şertleri döredip berýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp köp sagbolsun aýdýarys.
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy: M.Annaýew