24.10.2025ý. güni Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebimizde talyp ýaşlarynyň arasynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň guramagynda welaýatyň bilim-terbiýeçilik edaralarynda sagdyn-durmuş ýörelgelerini ündemek, Watanymyzyň üstünliklerini beýan etmek boýunça geçiriljek “Berkarar döwlet-bagtyýar durmuş” atly wagyz nesihat çäresi geçirildi.
Ýygnaga gatnaşanlar Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ýurdumyzda ýaşlaryň ylymly-bilimli, giň dünýägaraýyşly, dünýäniň innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan hünärmenleri bolup ýetişmekleri boýunça durmuşa geçirýän giň möçberli işleri, milli-däp-dessurlarymyza hormat goýmak, ahlak terbiýesi, jemgyýeçilik ýerlerinde özlerini salyhatly alyp barmak, kanunçylygy we tertip düzgüni berjaý etmek, şeýle hem bikanun hereketleriň zyýany hem-de milli gymmatlyklarymyzyň ähmiýeti barada çykyş etdiler.
Ýygnagyň ahyrynda ýygnaga gatnaşanlaryň hemmesi talyp ýaşlaryň arasynda düzgün-tertibi berjaý etmek we olarda watansöýüjiligi terbiýelemek, olaryň ylymly-bilimli, arassa ahlakly, ruhy we beden taýdan sagdyn, zähmetsöýer bolmaklaryny we esasy ünslerini okuwa bermeklerini, Şeýle hem şunuň ýaly ajaýyp döwri peşgeş beren, bize okamaga, döretmäge, işlemäge ähli mümkinçilikleri döredip beren Hormatly Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, il-ýurt ähmiýetli, döwlet ähmiýetli tutýan tutumly işleriniň mundan beýläkde rowaçlara beslenmegini arzuw etdiler.
Türkmen oba hojalyk institutynyň
Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw
mekdebiniň mugallymy: Baýram Kulmuratow