HASYL TOÝY RYSGAL - BEREKEDIŇ TOÝY!

Berkakarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe Hormatly Prezidentimiziň parasatly ýolbaşçylygynda ýurdumyz gün saýyn ösýär özgerýär ýurdumyzyň her bir güni toýdyr baýramlara şatlyk şowhunlara beslenýär. Diýarymyzda her ýylyň noýabr aýynyň ikinji ýekşenbesinde ýurdumyzda ähli halk derejesinde bellenilýän Hasyl toýy janypkeş babadaýhanlarymyzyň alyn derini saçyp çekýän halal zähmetine, mähriban topragymyza siňdirýän päk yhlasyna belent sarpanyň nyşany bolup, kalplarymyzy heýjana getirýär.

“Ýazky hereket – güýzki bereket” diýen pähimi döreden babadaýhan pederlerimiziň nesilleri bu toýa topraga eden yhlasyna, döken maňlaý derine laýyk hasyly bilen gelýärler. Çünki bu toý – daýhanyň hereketiniň berekede, alyn deriniň göwher-düre öwrülmeginiň toýy. Bu toý - edermen daýhanlarymyzyň çekýän halal zähmetine döwletimiziň belent hormat-sarpasynyň toýydyr. Oba hojalyk pudagyna öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, daýhanlary tohum, tehnika, dökün, suw bilen üpjün etmek, tabşyran hasyly üçin hasaplaşyklary wagtynda geçirmek we beýleki goldaw-hemaýatlary bermek bilen bagly edilýän tagallalar özüniň oňyn netijesini berip, oba zähmetkeşlerini päk zähmete ruhlandyrýar. Munuň şeýledigine ýakynda Türkmen oba hojalyk institutynyň Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw mekdebiniň bagtyýar talyp ýaşlary bilen bilelikde welaýatymyzyň Sadulla Rozmetow adyndaky şäherçesiniň “Zähmete şöhrat” muzeýinde gurnalan gezelenç hem talyp ýaşlarda uly gyzyklanmalary döretdi. “Zähmete şöhrat” muzeýiniň direktory Gülşirin Rozmetowa, Sadulla Rozmetowyň ömür ýoly, ýeten sepgitleri, daýhançylyk bilen bagly alyp baran üstünlikli işleri barada giňişleýin talyp ýaşlara gürrüň berdi. Bu muzeýde ýerleşdirilen suratlar hem-de şu topraga daban azaby siňen zähmetkeş daýhanlaryň bitiren işleri giňişleýin beýan edilendir. Muzeýde bu paýdarlar jemgyýetiniň şu günki günde ýokary sepgitlere ýetmekliginde öz mynasyp goşantlaryny goşan şahsyýetler we olar baradaky maglumatlar barada talyp ýaşlarymyz giňişleýin düşünje aldylar. Sadulla Rozmetow adyndaky paýdarlar jemgyýeti diňe bir Daşoguz welaýatymyzda däl eýsem bütin ýurdumyz boýunça özüniň ezber elli daýhanlarynyň mähir berip ýetişdiren hasyllarynyň, gök-bakja önümleriniň ýurdumyzyň bazarlarynda halkymyzyň rysgal-bereketden doly saçaklarynyň bezegine öwrüldi. Bu hem bolsa edermen babadaýhanlaryň azabynyň ýerine düşdügidir. Halkymyzyň ekerançylyk medeniýetini barha kämilleşdirip, häzirki zaman ekerançylyk ylmy bilen utgaşdyrmakda uly işleri geçirýän türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyşlarymyz çäksizdir.

Türkmen oba hojalyk institutynyň

Daşoguz agrosenagat orta hünär okuw

mekdebiniň mugallymy: Welmedow Eziz